Hytaýyň ilçihanasy Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebine hytaý dilindäki okuw kitaplaryny sowgat berdi

  • 20.11.2024 12:32
  • 6.9k+

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hytaý dili hünäriniň mugallymlaryna we talyplaryna okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükleri, hytaý edebiýatynyň görnükli şahyrlaryň eserleriniň we goşgularynyň ýygyndylaryny dabaraly ýagdaýda sowgat berildi. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň saýtynda habar berilýär.

Duşuşyga institutyň ýolbaşçylary, hytaý dili hünäriniň mugallymlary, şeýle hem Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň maslahatçysy Joň Hua, birinji sekretary Tsian Weý, attaşeler Çan Min we Li Tsianin gatnaşdylar.
Duşuşygyň barşynda bilim ulgamyndaky türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy, ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde hytaý diliniň okadylyşy, ýaşlaryň öwrenmäge bolan höwesiniň artýandygy barada gürrüň edildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar sowgat berlen kitaplaryň türkmen ýaşlaryna hytaý diliniň inçe syrlaryny öwrenmäge giň mümkinçilikleri döretjekdigine ynam bildirdiler.


26.06.2026 20:41
1.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
3.9k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.8k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......