NASA bilen Microsoft-yň Earth Copilot boty planetamyz baradaky ylmy maglumatlara düşünmegi aňsatlaşdyrar

  • 20.11.2024 12:17
  • 4k+

NASA we Microsoft kompaniýasy NASA-nyň geografik giňişlikler baradaky maglumatlaryny seljermek we ýönekeýleşdirmek üçin niýetlenen Earth Copilot emeli aň botuny hödürlediler. Başlangyç ylmy maglumatlaryň giň köpçülige elýeterliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir diýip, The Verge neşiri ýazýar.

Earth Copilot çylşyrymly maglumatlary ýönekeý we düşnükli jogaplara öwürmek üçin emeli aň tehnologiýasyny ulanýar. Ulanyjylar çat-bota NASA-nyň maglumatlary, mysal üçin, tebigy betbagtçylyklaryň netijeleri barada sorag berip, çylşyrymly ylmy maglumatlara esaslanýan ýönekeý jogaby alyp bilerler.
Häzirki wagtda Earth Copilot NASA-nyň alymlary we ylmy gözlegçileri tarapyndan synagdan geçirilýär. Olar EA botuny Ýer baradaky maglumatlary seljermäge we wizuallaşdyrmaga mümkinçilik berýän VEDA (Visualization, Exploration, and Data Analysis) platformasy bilen birleşdirmek mümkinçiligine baha berýärler.
Häzirlikçe gural diňe hünärmenlere elýeterlidir. Geljekde ony giň köpçülik üçin açmak meýilleşdirilýär, bu hem NASA-nyň maglumatlaryna elýeterliligi we olaryň seljermesini ep-esli aňsatlaşdyryp biler.


düýn 06:43
4.9k+

NASA Argentinada ägirt uly ýürek şekilli reňkli köli görkezdi: ýöne onuň reňki näme sebäpden gülgüne?

NASA Argentinanyň Buenos-Aýres welaýatyndaky Salinas-Las-Barrankas duzly howdanynyň gaýtalanmajak suratyny çap etdi. Giňligi takmynan 10 kilometre barabar bolan we ýürek şekilini ýatladýan bu suw howdany......

12.05.2026 23:21
6.9k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

12.05.2026 14:59
909

NASA: «Artemis II» missiýasy gyzlary kosmosa uçmaga höweslendirdi

Kristina Kukuň gatnaşmagyndaky «Artemis II» missiýasy dünýä ýüzündäki ähli gyzlar üçin älem giňişligine barýan ýoluň zenanlar üçin hem açykdygy baradaky möhüm habar boldy. Munuň şeýledigi NASA-nyň orbitadaky......

11.05.2026 23:19
4.4k+

Alymlar 13-nji maýda Günüň ýüzünde täze güýçli partlamanyň boljakdygyny duýdurýarlar

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň hünärmenleriniň habar bermegine görä, Günüň ýüzündäki indiki güýçli partlama 13-nji maýda bolup geçer....