Robot tehnologiýalary boýunça bäsleşige hasaba almak işi dowam edýär

  • 20.11.2024 11:26
  • 2.4k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi robot tehnologiýalary boýunça ýaşlaryň arasynda yglan edilen bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänleri hasaba almak işlerini dowam edýär. Bäsleşik 7-8-nji dekabrda Ýagşygeldi adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçiriler.

Ýaryşlar dört görnüşde geçiriler: "Suno robot bäsleşigi", "Labirint ýaryşy", "Toparlaýyn taslama ýaryşy" we "Gara çyzygy ak zeminde yzarlaýan robot bäsleşigi".
Bäsleşige Türkmenistanyň bilim we ylym edarasynyň hödürnamasy esasynda mekdep okuwçylary, 30 ýaşa çenli bolan talyplar we ýaşlar gatnaşyp biler. Bäsleşige QR-kod arkaly hasaba alynýar.


Goşmaça maglumatlary şu telefon belgileri arkaly alyp bolar:
39-14-82;
39-14-29;
+993 64 47-75-47.
E-mail: robotyarysh2024@gmail.com


düýn 11:00
493

Apple-iň WWDC çäresi 8-12-nji iýunda geçiriler: iOS 27-niň hödürlenmegine garaşylýar

Apple amerikan korporasiýasy Bütindünýä işläp düzüjiler maslahatynyň (Worldwide Developers Conference) 2026-njy ýylyň 8-12-nji iýun aralygynda geçiriljekdigini yglan etdi. WWDC 2026 çäresiniň esasy bölegi onlaýn görnüşde guralar, onuň çäginde 100-den gowrak wideo-sessiýa geçiriler...

20.03.2026 18:48
2.8k+

Huawei içi sowadyjyly ilkinji smartfonyny tanyşdyrdy

Huawei kompaniýasy işjeň sowadyş ulgamy bilen üpjün edilen Mate 80 Wind Chaser Edition smartfonyny resmi taýdan görkezdi. Bu modeliň çykjagy geçen ýyldan bäri belli bolsa-da, ol 2025-nji ýylyň noýabrynda «Mate 80» seriýasy bilen bile çykar öýdülip garaşylypdy...

18.03.2026 17:39
3.9k+

Oýunlar kino ýaly: Nvidia-nyň DLSS 5 tehnologiýasy kompýuter grafikasynda uly öňegidişlik gazandy

Nvidia kompaniýasy DLSS 5 tehnologiýasyny hödürledi we ony «şöhle ýoly» (ray tracing) tehnologiýasynyň peýda bolan döwründen bäri kompýuter grafikasyndaky iň uly öňegidişlik diýip atlandyrdy. Tanyşdyrylyş mart aýynyň başynda geçirildi...

15.03.2026 20:30
2.4k+

Asus: MacBook Neo kompýuter bazaryny haýran galdyrdy

«Arzan bahaly MacBook Neo noutbugynyň peýda bolmagy tutuş şahsy kompýuter (PK) bazary üçin hakyky sarsgyn boldy. Bu barada Asus kompaniýasynyň maliýe direktory Nik Wu giňişleýin belleýär» diýip, PCMag neşiri ýazýar...