Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky ilçisi Mejlisiň Başlygyna ynanç hatyny gowşurdy

  • 19.11.2024 13:02
  • 2.5k+

18-nji noýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Niýaz Çardakliýadan ynanç hatyny kabul etdi. Bu barada TDH habar berýär.

Duşuşygyň barşynda diplomat Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de ilçi amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler bilen baglylykda, türkmen parlamentiniň alyp barýan köpugurly işi we düzümi bilen tanyşdyryldy.
Duşuşygyň ahyrynda Niýaz Çardakliýa döwletara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy üçin ähli zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurýew Bosniýa we Gersegowinanyň Türkmenistandaky ilçisi (oturýan ýeri Tähran ş.) Niýaz Çardakliýa bilen duşuşyk geçirdi. Ilçi özüniň ynanç hatynyň nusgalaryny gowşurdy.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy ugurlaryny kesgitlediler we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda gepleşikleri ösdürmäge meýillidiklerini tassykladylar.


düýn 17:31
929

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....