Türkmenistanda Özbegistanyň Medeniýet günleri geçirilýär

  • 19.11.2024 12:23
  • 4.8k+

18-nji noýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Medeniýet günleriniň açylyş dabarasynyň çäklerinde Mukamlar köşgüniň eýwanynda dostlukly ýurduň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Onda özbek halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny, tebigatynyň gözelligini we taryhyny beýan edýän eserler görkezildi.
Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş edaralarynyň, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, ýurdumyzyň döredijilik işgärleri gatnaşdylar.
Soňra bu ýerde özbek sungat ussatlarynyň konserti boldy. Konsert ýerine ýetirijilik başarnyklaryny we gadymy milli saz gurallarynyň mümkinçiliklerini açyp görkezen sazandalar toparynyň çykyşlary bilen dowam etdi.
Şu gün, 19-njy noýabrda Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda iki ýurduň ýazyjylarynyň we şahyrlarynyň gatnaşmagynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyraga bagyşlanan döredijilik duşuşygy guralar. Şeýle hem paýtagtymyzdaky «Daşkent» seýilgähinde Özbegistanyň sungat ussatlarynyň konserti, özbek lybaslarynyň görkezilişi, milli tagamlaryň we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyrylar.


düýn 00:03
3k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

27.06.2026 19:31
1.8k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

25.06.2026 10:21
4.6k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......