TÜRKSOÝ-nyň çagalaryň arasynda düzme ýazmak we surat çekmek boýunça bäsleşikleriniň ýeňijileri sylaglanyldy

  • 18.11.2024 11:50
  • 3.5k+

16-njy noýabrda paýtagtymyzyň "Aşgabat" myhmanhanasynda 2024-nji ýylyň "Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly" hem-de "Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty" diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türki dünýäsiniň düzme ýazmak ussatlygy we ýaş suratkeşleriň gözi bilen Türkmenistan we Türki dünýäsi surat bäsleşikleriniň ýeňijilerine TÜRKSOÝ tarapyndan baýraklaryň gowşurylyş dabarasy boldy.

Dabara Türkiýeden, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan we Türkmenistandan ýeňiji bolan mekdep okuwçylary, degişli guramalaryň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Myhmanhananyň giň eýwanynda ýaş suratkeşleriň işleri sergilendi. Olarda Türki dünýäsiniň medeni ýadygärlikleri, Magtymguly Pyragynyň keşpleri ajaýyp suratlandyrylypdyr. Düzme bäsleşigi-de "Magtymguly Pyragy - şahyr we akyldar" at bilen geçirildi. Iki bäsleşik boýunça her ýurtdan 6 okuwçy sylaglanyldy (degişlilikde I, II, III orunlar). Ýeňijilere degişli diplomlar, gymmat bahaly sowgatlar gowşurlyp, çagalara döredijilik üstünlikleri arzuw edildi.
Maglumat hökmünde bellesek, ýurdumyzdan düzme ýazmak ussatlygy boýunça Gülendam Rahymowa, Mährijemal Begjanowa we Tumar Aşyrowa ýeňiji boldy. Şeýle-de surat çekmek boýunça Mähriban Durdymyradowa, Gülnabat Annanurowa we Begenç Hojagulyýew ýeňiş gazanmagy başardy.


19.06.2026 11:22
4.7k+

Türki döwletler 34 harpdan ybarat elipbiýi ornaşdyrmagy ara alyp maslahatlaşýarlar

Astana şäherinde Türk akademiýasy tarapyndan gurnalan Umumy türk elipbiýi komissiýasynyň dördünji mejlisi geçirildi. Altyn Orda neşiriniň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar esasan 34 harpdan ybarat......

19.06.2026 10:10
3.5k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.2k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......