Tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň ýeňijileri yglan edildi

  • 18.11.2024 08:37
  • 8k+

Aşgabatda tennis boýunça «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň jemleri jemlenildi. Bu halkara ýaryş Ýewropa we Aziýa döwletleriniň 12-sine wekilçilik edip Türkmenistana gelen 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirildi diýip, TDH habar berýär.

Alty günüň dowamynda Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda Türkmenistanyň, Beýik Britaniýanyň, Hindistanyň, Eýranyň, Iordaniýanyň, Gazagystanyň, Malaýziýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Pakistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň ýetginjek oglan-gyzlary ýekeleýin we jübütleýin görnüşde diňe bir Aziýanyň Tennis federasiýasynyň (ATF) guran ýaryşynyň medallary ugrunda däl, eýsem, öz derejelerini beýgeltmek mümkinçiligini gazanmak ugrunda-da çekeleşikli oýunlary geçirdiler. Jübütleýin görnüşdäki ýaryşlar türkmen tennisçileriniň ynamly ýeňşi bilen tamamlandy. Ýurdumyzyň tennisçileri ýaryş maksatnamasynyň iki görnüşinde hem birinji we ikinji orunlary eýelemegi başardylar.
Hususan-da, Nazar Amangeldiýew bilen Kerimgeldi Welibegow birinji belgide çykyş edýän Süleýman Hudaýberdiýewden we Emirhan Rustamowdan 2:6, 6:1, 10:5 hasaby bilen üstün çykyp, ýeňiş gazandylar.
Gyzlaryň arasynda jübütleýin görnüşde geçirilen ýaryşlarda, garaşylyşy ýaly, birinji belgide çykyş eden türkmen tennisçileri Ilima Guseýnowa bilen Aýlar Kakabaýewa öňdeligi eýeledi.
Ýekeleýin görnüşde oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşyň ikinji raketkaçysy Süleýman Hudaýberdiýew final ýaryşynyň ýeňijisi Muhammad Hasan Usmaniden (Pakistan) 1:6, 0:6 hasabynda ýeňlip, kümüş medaly eýeledi. Malaýziýaly Garet Lim Hao Çže öz ildeşi Jeýkob Wongy ýeňip, 3-nji baýrakly orundan paýly boldy.
Ýaryşyň ahyrynda ýeňijileri sylaglamak dabarasy geçirildi.
Şeýlelikde, «Ashgabat Open 2024» ýaryşynyň maksatnamasynyň dört görnüşiniň jemleri boýunça ildeşlerimiz baýrakly orunlaryň 8-sini eýelediler.


22.06.2026 17:52
5.2k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......