135 adam Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi boldy

  • 18.11.2024 08:05
  • 5.8k+

Aşgabatda Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 2024-nji ýylda bu arzyly baýraga 135 adam mynasyp boldy. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, 2024-nji ýylda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan ýaşlaryň 506-sy Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna hödürlenildi.
Ýeňiş gazananlaryň doly sanawyny Ýaşlar guramasynyň saýtyndan görüp bilersiňiz.
“Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi” diýen ada mynasyp bolanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar, şahadatnama we Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Magtymguly” kitaby dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Belläp geçsek, Ýaşlar guramasy 1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda döredildi.


şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 01:36
4.9k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.2k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.7k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....