Türkmenistanda Ýaşlar baýragynyň eýeleri yglan ediler we olary sylaglamak dabarasy geçiriler

  • 16.11.2024 09:08
  • 5.9k+

Şu gün, 16-njy noýabrda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Dabara görülýän taýýarlyk barada wise-premýer B.Orazdurdyýewa Hökümet mejlisinde hasabat berdi. Bu barada TDH habar berýär.

Her ýylda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi döwlet syýasatyny, beýik özgertmeleri wagyz etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen hem-de bilimde, ylymda, dürli pudaklarda üstünlik gazanan ýaşlary ýüze çykarmak boýunça bäsleşik yglan edýär. 2024-nji ýylda ýurdumyzyň ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýokary okuw mekdepleri, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan bäsleşige ýaşlaryň 506-sy hödürlenip, şolardan 135-si saýlanyp alyndy.
Döwlet Baştutany wise-premýere Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýelerini yglan etmek we olary sylaglamak dabarasyny guramaçylykly geçirmäge gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.


19.06.2026 18:41
3.3k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.4k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 08:05
4.5k+

Türkmen talyplary «Lomonosow–2026» Uniwersiadasynda 11 baýrakly orny eýeledi

Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň talyplary M.W.Lomonosow adyndaky Moskwa Döwlet uniwersiteti tarapyndan guralan lingwistika, sebitleri öwreniş we medeniýetleri öwreniş boýunça «Lomonosow – 2026»......

13.06.2026 18:59
5.2k+

Ylmy işler boýunça bäsleşikde ýaş alymlaryň we talyplaryň 170-isi sylaglanyldy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Ylymlar güni mynasybetli ýurduň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy......