18-nji dekabrda Aşgabatda emeli aň tehnologiýalary boýunça halkara maslahat geçiriler

  • 16.11.2024 09:02
  • 4.6k+

18-nji dekabrda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “Akylly” şäher: dolandyrmak, sanly, “akylly” we emeli aň tehnologiýalary, howpsuzlygy, ykdysadyýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.

Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Orazdurdyýewa halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi diýip, TDH habar berýär.
Wise-premýer şu ýylyň sentýabrynda Koreýa Respublikasynyň Seul şäherinde geçirilen “World Smart City Expo” halkara sergisinde Arkadag şäheriniň “Iň tapawutlanan “akylly” şäher”, “Daşary ýurt “akylly” şäheri”, “World Smart City Expo 2024” halkara sergisine goşan uly goşandy üçin” atly baýraklara mynasyp bolandygyny aýtdy. Häzirki wagtda daşary ýurtly IT hünärmenleri, alymlar, professor-mugallymlar bilen “akylly” öý, şäher we zatlaryň interneti, olaryň dolandyrylmagyny, kiberhowpsuzlygyny üpjün etmegiň tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak bilen bagly döwrebap tejribeler yzygiderli öwrenilýär. Bu ugurdaky işleri ulgamlaýyn esasda alyp barmak, Arkadag şäherinde “akylly” şäher konsepsiýasynyň tapgyrlaýyn ornaşdyrylyşyny we gazanylýan milli tejribeleri dünýä ýaýmak maksady bilen bu halkara maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär.
Döwlet Baştutany teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.


05.05.2026 05:26
3.1k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

14.04.2026 14:26
6.3k+

Türkmenistanyň alymlary gowaçanyň täze «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12» görnüşlerini synagdan geçirýär

Ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň Daşoguz şahamçasynyň alymlary sebitiň şertlerine uýgunlaşdyrylan gowaçanyň täze görnüşlerini döretmegiň üstünde işleýär. Şu ýyl synag üçin «Daşoguz-11» we «Daşoguz-12»......

03.04.2026 09:34
2.1k+

TDG döwletleri bilelikdäki emeli hemrany uçurmaga we kosmos hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýarlanýar

Türki döwletleriň guramasyna (TDG) agza ýurtlar bilelikdäki emeli hemrany älem giňişligine çykarmagy we kosmos ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmegi maslahatlaşýar. Bu meselelere Daşkentde geçirilen işçi toparyň......