Alymlar: Tutanhamonyň altyn maskasy hakykatda aýal maşgala degişli eken

  • 16.11.2024 07:39
  • 7.8k+

Ýork uniwersitetinden alymlaryň gözlegleri Tutanhamonyň belli altyn maskasynyň ilkibaşda başga bir faraon, ähtimal, onuň öweý ejesi Nefertiti üçin döredilen bolmagynyň mümkindigini görkezýär. Bu barada ArtNet neşiriniň materialynda aýdylýar.

Baş gözlegçi, professor Joan Fletçeriň aýtmagyna görä, muny maskada gulaklaryň deşilen bolmagy tassyklaýar. Gadymy Müsürde erkek adamyň ölüminden soňky maskasynda gulaklar deşilmeýärdi, bu, adatça, diňe aýallarda we çagalarda duş gelýärdi. Bu hem maskanyň ýaş faraon üçin niýetlenendigini şübhe astyna goýýar.
1925-nji ýylda Şalaryň jülgesinde Tutanhamonyň aramgähinde Goward Karter tarapyndan tapylan altyn maska iň belli arheologik tapyndylaryň biri hasaplanylýar. Ýöne, professor Fletçeriň düşündirişine görä, maskada guşaklaryň deşilendigi näme üçindir “uzak wagtlap ünsden düşürilipdir”.


Maskanyň ýüzi we onuň galan bölekleri üçin ulanylan altynyň seljermesi hem olaryň deň gelmeýändigini görkezdi. Bu Tutanhamonyň şekiliniň maska soň “goşulandygyny” çaklamaga mümkinçilik berýär. Bu çaklama britaniýaly Müsüri öwrenýän alym Nikolas Riwziň maskanyň ilkibaşda Nefertiti üçin taýýarlanyp bilnendigini çaklaýan teoriýasyna laýyk gelýär. Riwzi maskanyň “aýal keşbi” hem-de Nefertitiniň heýkeli bilen portret meňzeşligi şübhelenmäge getirdi.
Şeýle-de, Fletçer Tutanhamonyň, takmynan, 19 ýaşda aradan çykmagynyň duýdansyz bolup bilendigini belleýär. Ähtimal, bu hem ilkibaşda başga biri üçin niýetlenen maskanyň ulanylmagyna getirendir.
Faraonyň ölüminiň anyk sebäpleri belli däl, käbir hünärmenler onuň gyzzyrmadan ýa-da şikesden soňky ýokançdan ölen bolmagynyň mümkindigini çaklaýar. Şeýle-de, onuň öldürilendigi barada hem çaklama bar.


22.06.2026 23:12
4.4k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

19.06.2026 19:49
4.9k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
3.9k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......