Ýaponiýanyň meterologiýa boýunça esasy emeli hemrasy bölekleýin hatardan çykdy

  • 12.11.2024 17:58
  • 6.1k+

Ýaponiýanyň meterologiýa boýunça esasy emeli hemrasy bolan "Himawari-9" (Günebakar-9) bölekleýin hatardan çykdy. Ýurduň Milli meteorologiýa dolandyryş Merkeziniň aýtmagyna görä, ol ilkinji nobatda Ýeriň ýüzünden infragyzyl şöhlelenmäniň tapylmagy bilen baglanyşykly suratlary ibermegini bes etdi. Bu barada rambler.ru habar berýär.

Şol bir wagtyň özünde, bölümiň habaryna görä, emeli hemra taýfunlaryň, güýçli ýagyşlaryň, ýelleriň hem-de deňizdäki gomlaryň we ş.m. hereketleriň boljakdygyny duýdurmagyny dowam edýär. Meterologiýa dolandyryş merkezi häzirki wagtda emeli hemranyň nämesiniň hatardan çykanyny doly anyklap bilmeýär we haçan düzediljekdigini-de aýtmaýar.
"Himawari" geostasionar hemralaryň maşgalasyndan bolup, olaryň ilkinjisi 1977-nji ýylda uçuryldy. Ýaponiýadan başga-da, Gündogar we Günorta-Gündogar Aziýanyň, Awstraliýanyň hem-de Täze Zelandiýanyň meteorologiýa bölümleri bu enjamlardan maglumatlary alyp ulanýarlar. Bu hemralar howa şertleriniň üýtgemegine gözegçilik etmäge we tebigy betbagtçylyklary duýduryş bermäge kömek edýän maglumatlary ýygnaýar.
"Himawari-9" 2016-njy ýylyň noýabr aýynda orbita çykaryldy diýip, rbc.ru ýazýar.


08.06.2026 16:26
5.2k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

31.05.2026 13:26
1.8k+

Ýapon alymlary ýeke-täk atoma esaslanýan kwant kamerasyny döretdiler

Ýaponiýaly fizikler kwant mikroskopunyň esasy hökmünde ýeke-täk rubidiý atomyny ulanýan täze wizualizasiýa usulyny işläp düzdüler. Ýaponiýanyň Döwlet tebigy ylymlar institutynyň habar bermegine görä, «atom......

27.05.2026 15:35
4.1k+

Alymlar iň köp wulkanly ýurduň adyny aýtdylar

Alymlar dünýäde iň köp wulkanyň ABŞ-da ýerleşýändigini anykladylar. Smitson institutynyň Global wulkançylyk maksatnamasyna görä, ýurtda soňky 12 000 ýylyň dowamynda atylan wulkanlaryň sany takmynan 165....

21.05.2026 12:07
3.4k+

Genetikler ýaponlaryň gelip çykyşynyň täze şahasyny tapdylar

Ýaponiýanyň RIKEN institutynyň alymlary ýurduň ilatynyň iň uly göwrümli genom seljermesini geçirip, häzirki zaman ýaponlarynyň ozal çaklanylyşy ýaly iki däl-de, eýsem üç sany nesil toparyndan gelip çykandygy......