Teslanyň bazar bahasy trillion dollardan geçdi: indi Maskyň 314 milliard dollary bar

  • 11.11.2024 16:08
  • 8k+

“Teslanyň" paýnamalary hepdäniň dowamynda 30 göterim ýokarlanyp, 321 dollara ýetdi. Bu soňky iki ýylda ilkinji gezek kompaniýanyň bazar bahasyny trillion dollardan ýokary galdyrdy diýip, Reuters agentligi habar berýär.

Paýnamalaryň bu ösüşi 2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri iň ýokary böküş bolup, ol Teslanyň önümini giňeltmegi we tehnologiki täzelikleri netijesinde maýadarlaryň ünsüni özüne çekdi.
"CFRA Research" paýnamalary boýunça uly analitik Garrett Nelson şeýle belleýär: "Tesla we onuň ýerine ýetiriji direktory Ilon Mask saýlawda iň esasy ýeňiji bolup biler. Trampyň ýeňmegi bize uçarmansyz uçujy tehnologiýalar üçin kadalaşdyryjy tassyklamany çaltlaşdyrmaga kömek eder diýip pikir edýäris".
Hünärmenler kadalaşdyryjy syýasatlaryň ýeňilleşdirilmegi awtoulag pudagyna peýdaly bolar diýip hasaplaýarlar.

“Kompaniýalar ýeke-täk düzgüniň bolmagyny isleýärler. Her ştat özüne mahsus bolan ýagdaýynda has erbet bolardy" diýip, "Morningstar" paýdarlar strategi (maslahatçysy) Dewid Uiston belleýär.

Teslanyň bazar bahasynyň düýpgöter ýokarlanmagy, kompaniýanyň baş direktory Ilon Maska dünýäniň iň baý adamlary sanawynda yzarlaýanlardan ep-esli daşlaşmaga mümkinçilik berdi.  “Bloombergiň" habaryna görä, “Teslanyň” we “SpaceX-iň" esaslandyryjysynyň baýlygy 314 milliard dollara ýetdi.  Üç aýa golaý mundan ozal, onuň emlägi 235 milliard dollardy.
Sanawdaky ikinji adam “Amazonyň" esaslandyryjysy Jeff Bezosyň, takmynan, 230 milliard dollar baýlygy bar (awgust aýynyň ortalarynda 193 milliard dollardy).
Metanyň esaslandyryjysy we baş direktory Mark Sukerberg 209 milliard dollar baýlygy bilen üçünji ýeri eýeleýär.  Üç aý ozal onuň  baýlygy 188 milliard dollardy.


20.06.2026 10:45
3.8k+

SpaceX-iň IPO-sy köp adamy: ýokary derejeli menejerlerden başlap, adaty kebşirleýjilere we bäsdeşlere çenli baý etdi.

2026-njy ýylyň 12-nji iýunynda SpaceX aerokosmos kompaniýasy gazna biržasynda deslapky paýnama goýuş çäresini(IPO) geçirdi. Bu waka resmi taýdan onuň esaslandyryjysy Ilon Masky dünýäde ilkinji trillioner etdi.......

12.06.2026 13:09
9.5k+

Ilon Mask dünýäniň ilkinji trillioneri boldy: häzirlikçe diňe kagyz ýüzünde

Ilon Mask taryhda şahsy kapitalynyň möçberi 1 trillion dollardan geçen ilkinji adam boldy. «Reuters» habarlar agentliginiň mälim etmegine görä, bu SpaceX kompaniýasynyň paýnamalaryny Nasdaq biržasynda ilkinji......

10.05.2026 12:04
1.4k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......