Sekiz ýaşly oglanjyk welosiped sürüp barýarka 130 müň ýaşly pil süňküni tapdy

  • 08.11.2024 23:58
  • 17k+

Awstriýada bir çaga, takmynan, 130 müň ýyl bolan pil süňküni tapdy. Bu barada Kronen Zeitung gazeti habar berýär.

Mattersburgda başlanan gazuw-agtaryş işleri netijesinde uzynlygy 1,8 metrden gowrak pil süňki ele salyndy. Häkimiýet adamlary Wulka derýasynyň ýakasynda silden goramak üçin suw howdanyny gurmaga başlapdylar. Geçen dynç güni bu tapyndy sebitde welosiped sürüp ýören sekiz ýaşly Anri Pingitseriň gözüne ildi.
Şu wagta çenli Awstriýanyň gündogar sebitindäki Burgenlanddan şuňa meňzeş hiç bir zat tapylmandy, müňlerçe ýyl ozal Ýewropada mamontdan has köne tokaý piliniň ýaşaýandygy mälimdir. Haýwanyň boýy dört metr töweregi bolup, onuň agramy 10 tonna barabar çaklanylýar. Döwründe neandertallar üçin bu piliň eti gymmatly iýmit çeşmesi bolupdyr.
Gadymy piliň galyndylaryny tapmak seýrek waka, şonuň üçin Mattersburgyň häkimi Klaudia Şlager ýaş Anriniň açyşyny eşidip begendi we bu tapyndyny "sebitiň taryhynyň özboluşly subutnamasy" diýip atlandyrdy. Indi bu tapyndyny şäher muzeýinde görkezjek bolýarlar diýip, rambler.ru ýazýar.


21.05.2026 20:16
3.3k+

Taryhdaky ilkinji stomatolog: Altaý sebitinde stomatologik gatyşmanyň iň gadymy subutnamasy tapyldy

Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölüminiň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň alymlary Altaýdaky Çagyrskaýa gowagynda ýaşy takmynan 59 – 60 müň ýyl bolan neandertal adamsynyň azy dişini tapdylar....

20.05.2026 17:37
3.2k+

Mohenjo-Daronyň syry: gadymy megapolis sosial deňsizligi nädip ýeňipdir

Adamzat taryhynda ilkinji megapolisleriň döremegi, adatça, birmeňzeş gözgyny ýagdaýlara getiripdir diýlip hasap edilýär: ägirt uly baýlyklaryň hökümdarlaryň elinde jemlenmegi, ruhany elitanyň peýda bolmagy we......

20.05.2026 11:33
3.8k+

Meksikanyň jeňňelliklerinde maýýalaryň ýitip giden Sak-Balam şäheriniň täze yzlary tapyldy

Arheologlar Meksikanyň jeňňelliklerinde tapylan ýeriň maýýalaryň ýitip giden Sak-Balam şäheri bolup biljekdigine degişli täze subutnamalary hödürledi. Bu ýeriň ispan basybalyjygyndan soňra garşylyk görkezilen......

15.05.2026 11:33
3.4k+

Norwegiýanyň gündogaryndaky bir meýdanda 3000-den gowrak wikingler döwrüne degişli kümüş teňňe tapyldy

Gündogar Norwegiýada geçen aý ýurduň wikingler döwrüne degişli kümüş teňňeleriniň iň uly hazynasy tapyldy — aýyň ahyryna çenli arheologlar XI asyra degişli 3000-den gowrak nusgany tapdylar....