Dünýäniň iň köp ilatly şäherleri belli boldy: 2024-nji ýylyň sosial-ykdysady ägirtleri

  • 07.11.2024 12:13
  • 14k+

Iň soňky hasaplamalara görä, 2024-nji ýylda dünýäniň ilaty 8 milliard adamdan geçdi.

Bu ösüşe şäherleşme prosesi uly goşant goşýar. Dünýädäniň iň uly şäherlerinde ilat sany has çalt ösýär.
Size durmuş-ykdysady we medeni ösüşiň merkezine öwrülen on sany şäheri hödürleýäris. Bu ägirt şäherleriň ilaty kiçi döwletleriň ilat sany bilen deňeşdirilýär.

Tokio, Ýaponiýa
Ilaty: 37 milliondan gowrak

Tokio dünýäde iň uly şäher bolup, onuň ilatynyň gürlügi – km²-e takmynan 6224 adam. Ykdysady ösüş uruşdan soňky ýyllarda başlanyp, guramaçylykly zähmet arkaly dowam etdirilýär. Şäher özboluşly infrastrukturasy we ösen ulag ulgamy bilen tanalýar.

Deli, Hindistan
Ilaty: 33 milliondan gowrak

Ilat sany boýunça ikinji ýerde durýan şäher, ilatynyň gürlügi – km²-e 13,7 müň adam. Deli ösýän pudaklary we maýa goýumlary bilen migrantlary özüne çekýär. Şeýle-de bolsa, şäheriň esasy meselesi sosial deňsizlik bolup galýar.

Çunzin, Hytaý
Ilaty: 32 million adam

Hytaýyň iň uly şäheri bolan Çunzin häzirki zaman binagärçiligi we ösen senagaty bilen tanalýar. Şäheriň ýokary iş haklary, ýaşaýyş jaýlarynyň elýeterliligi we işlemek üçin amatly iş şertleri köp ýaş hytaýlylary özüne çekýär.

Şanhaý, Hytaý
Ilaty: 29 milliondan gowrak

Ilatynyň gürlügi km²-e 6340 adam bolan dünýäniň öňdebaryjy maliýe merkezlerinden biri. Şanhaý sebitiň iň uly deňiz porty we möhüm ulag merkezidir.

Dakka, Bangladeş
Ilaty: takmynan 24 million

Ilatyň gürlügi km² takmynan 22 müň adam. Dakkada işsizlik derejesiniň ýokary bolandygy sebäpli, şäher köp kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Onuň ýaşaýjylary, esasan, öý hojalygynyň işleri bilen meşgullanýarlar. Dakkada rikşa-taksi sürüjileriniň sany 400 müň adama ýetýär. Mundan başga-da, Dakka daşky gurşawyň hapalanmagy boýunça dünýäde birinji ýerde durýar.

San-Paulu, Braziliýa
Ilaty: 22,8 million

Şäher ilatynyň ýokary gürlügi (km²-e 7.216 adam) bilen häsiýetlendirilýär. San-Paulu Latyn Amerikasynyň söwda we senagat merkezidir.

Kair, Müsür
Ilaty: 22 milliondan gowrak

Şäheriň ilat gürlügi km²-e 19 müň adam. Hökümet bu ýerdäki ilatyň köp bölegini Kairiň töweregindäki täze şäherlere göçürmek bilen baglanyşykly meseleleri çözmegiň üstünde işleýär.

Mehiko, Meksika
Ilaty: 22 milliondan gowrak

Her km²-e 5270 adam gürlügi bolan Mehiko sosial deňsizlige we jenaýatyň ýokary derejesine sezewar bolýar. Şeýle-de bolsa, bu şäher ýurduň iň uly ykdysady we medeni merkezi bolup galýar.

Pekin, Hytaý
Ilaty: takmynan 22 million

Pekin içerki migrasiýasyny üstünlikli dolandyrýar we ýokary howpsuzlyk derejesini görkezip, syýahatçylary we maýa goýumlaryny özüne çekýär. Şäherde km²-e takmynan 1300 adam ilat gürlügi bar.

Mumbaý, Hindistan
Ilaty: 21 milliondan gowrak

Mumbaýyň kaşaň ýerleri we harabalyklary bir ýerde jemlenýär, onuň ilatynyň gürlügi – km²-e 22 müň adam.


şu gün 22:13
33

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

şu gün 22:08
62

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

şu gün 11:17
3.2k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......

şu gün 10:28
886

Mejlisde Hytaýyň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde milli Parlamentiň wekilleriniň Hytaý Halk Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi bilen duşuşygy boldy. Bu barada Mejlisiň metbugat gullugy habar berýär....