Alymlar gadymy Wawilonyň kartasyndan Nuhuň gämisiniň mümkin bolan ýerini tapdylar

  • 06.11.2024 13:10
  • 8.2k+

Londondaky Britan muzeýiniň gözlegçileri üstünden, takmynan, 3000 ýyl töweregi wagt geçen Wawilonyň Imago Mundi çelgisinden (ýolgörkezijisinden, kartasyndan) Nuh pygamberiň taryhyna meňzeş gadymy hekaýatyň gämisiniň ýerleşýän ýerini görkezip biljekdigini çaklaýarlar. Bu barada artnet.com habar berýär.

B.e. öňki VII asyrda döredilen gadymy çelgi (ýolgörkeziji) dünýäniň iň gadymy kartalarynyň biridir. Mesopotamiýanyň gadymy ýaşaýjylary tarapyndan düşünilişi ýaly, ol Ýeri şekillendirýär. Kartada Wawilony, Ýewfrat derýasyny, dürli şäherleri, daglary... tapawutlandyryp bolýar. Suratlandyrylan giňişligiň töwereginde ýene goşa tegelek şekil bar - bu "Ajy derýa" diýilýär. Gadymy wawilonlylar bu suw howdanynyň daşyndaky ähli zady “öwrenilmedik dünýä” hasaplaýardylar.
Derýanyň daşyndaky üçburçluk uzak daglary ýa-da näbelli ýerleri aňladýar.
Britaniýanyň muzeýiniň ýolbaşçysy we hat öwrenmek (klinopis) boýunça hünärmen, doktor Irwing Finkel: "Bu tegelek şekil adamlaryň ýaşaýan, gülläp ösen we ýok bolan bütin dünýäsini öz içine alýar" diýip aýdýar.
Şeýle-de Imago Mundi ýolgörkezijisi Marduk hudaýy tarapyndan dünýäni döretmek baradaky gadymy mifi we şonuň ýaly ýazgylary özünde jemleýär. Mundan başga-da, Nuh ýaly ýeriň ähli ýaşaýjylaryny suwdan halas etmek üçin gämi guran Utnapiştim patyşa bar.
XIX asyrda Yragyň günortasynda ýerleşýän Wawilonyň gadymy şäheriniň golaýynda palçykdan ýasalan bu ýolgörkeziji karta tapyldy. Ony Britaniýanyň muzeýi 1882-nji ýylda satyn aldy. Şeýle-de bolsa alymlar indi ýazgyny täzeden gözden geçirenden soň, ýolgörkezijidäki ýazgylaryň gäminiň ýerleşýän ýerine barýan ýoly görkezip biler diýen netijä geldiler.
Ýolgörkezijidäki ýazgylaryň biri syýahatçylara kartadaky dördünji üçburçlugyň ugrunda "parsiktu gämisine" meňzeş bir zady görýänçä "ýedi ligany" (bu takmynan, 2,3 km deň bolan taryhy ölçeg birlik) geçmegi aýdýar. Gämini bellemek üçin wawilonlylaryň “parsiktu” sözüni ulanandyklaryna üns beriň. Gözlegçileriň pikiriçe, karta Urartu dagyna (Ararat dagynyň Assiriýa ekwiwalenti) eltýär. Hut şu ýerde gadymy Mesopotamiýa ertekisindäki Utnapiştim patyşanyň gämisi ýalpak ýere oturypdyr.


20.04.2026 16:24
5.8k+

Argentinada magellan pingwinleri eko-detektiwlere öwrüldi

Alymlar Patagoniýadaky magellan pingwinleriniň aýaklaryna ýumşak silikon bilezikleri dakdylar, bu bolsa ummanyň senagat taýdan "hemişelik himiki maddalar" bilen hapalanmagy barada maglumat toplamaga......

20.04.2026 15:43
3.4k+

Ylym pişikleriň adamlara diňe zat üçin ýaranjaňlyk edýändigini subut etdi

Wengriýanyň Etwoş Lorand uniwersitetiniň barlagçylary pişiklerin itlerden we kiçijek çagalardan tapawutlylykda, hiç wagt «kireýsiz kilim kakmaýandyklaryny» ylmy taýdan subut etdiler....

17.04.2026 16:25
3.7k+

Deňiz kirpileri "mineral hazynalarynyň" ýygnaýjylary bolup çykdy

Ýaponiýanyň kenarýakasynda ýaşaýan deňiz kirpileri seýrek minerallary ýörite diwertikulalarda ýörite ýygnaýarlar, olar bolsa çökündiniň diňe ýüzden bir bölegini düzýär. Bu barada “Deňiz biologiýasy žurnaly”......

14.04.2026 17:01
3.3k+

Gadymy pelsepeçi Empedoklyň ýiten ýazgylary 2000 ýyldan soň tapyldy

Lýež uniwersitetiniň barlagçysy Natan Karlig biziň eýýamymyzdan öňki V asyra degişli bolan «Fizika» atly filosofiki poemanyň bir bölegini tapyp, onuň kime degişlidigini anyklady. Bu tekstiň awtory gadymy......