"Energy China" Türkmenistanda "ýaşyl energetika" taslamalaryny durmuşa geçirmekde tender utdy

  • 06.11.2024 11:56
  • 4.7k+

Aşgabatda geçirilen "Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy - 2024" halkara sergisinde Hytaýyň "Energy China" korporasiýasy "ýaşyl energetika" ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edip başlandygyny yglan etdi.

"Energy China" korporasiýasy elektrik beketleriniň gurluşygyna ýöriteleşen dünýäde iň iri inženerçilik kompaniýalarynyň biri bolup durýar. Korporasiýa 11 ýyl bäri Fortune 500 sanawyna girip gelýär.
Kompaniýanyň wekili Song Tengçaonyň aýtmagyna görä, "Energy China" Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen hyzmatdaşlyk eder.

«Siziň ýurduňyz infrastrukturasynyň çalt depginde ösýändigini görkezýär. Biz hem, öz gezegimizde, pes uglerodly energetiki geçişe, şeýle hem synagdan geçen hytaý tehnologiýalaryny ulanyp, Türkmenistanda we Merkezi Aziýada durnukly ösüşe ýardam ederis" diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri Tengçaonyň sözlerini getirýär.


düýn 17:31
929

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....