Hakyky “amerikaly” saýylýan awtoulagyň haýsydygy aýdyldy

  • 06.11.2024 10:18
  • 9.4k+

Tesla ABŞ-yň bazaryndaky tüýs “amerikan” awtoulag brendleriniň biri hökmünde statusyny ýene bir gezek tassyklady.

Milli ýol hereketiniň howpsuzlygy dolandyryş gullugynyň (NHTSA) ýakynda beren hasabatyna görä, Tesla Model 3 AWD we RWD elektrik ulaglarynyň bölek şaýlarynyň 75%-i ABŞ-da we Kanadada öndürilen bolup çykdy. Bu bolsa ony beýleki ulaglaryň arasynda Demirgazyk Amerikanyň bölek şaýlaryň iň köpüsini özünde saklaýan öňdebaryjysyna öwürýär.
Tesla-nyň 2025-nji ýyldaky modelinde şeýle bölek şaýlaryň göterimi 60%-den 75%-e çenli aralykda üýtgeýär. Iň uly paýy bolan Model 3-den soň, Model Y we Model 3 Performance (70%), Cybertruck we Model S (65%), şeýle hem Model X 60% bilen ulaglaryň köpüsinden has ýokary görkezijili bolmagynda galýar.
Demirgazyk Amerikanyň bölek şaýlarynyň 75%-ni öz içine alýan ýeke-täk başga markaly ulag Honda Ridgeline Sport boldy.
Tesla-nyň özi hem “amerikan” statusyny işjeň ýagdaýda öňe sürýär, esasanam, Model Y 2023-nji ýylda dünýäde iň geçginli awtoulag hökmünde birinji orunda durýar. Kompaniýa şu ýylyň başynda ýaýradylan mahabatda "Dünýäde iň köp satylan awtoulag Amerikada öndürildi" ýazgyly, "Mobil galereýasy" diýlip atlandyrylýan aýna kapsulada Model Y bilen tirkegi çekip barýan Cybertruck-i görkezdi.
NHTSA her ýyl Awtoulaglary markalamak kanuny (AALA) sebäpli Demirgazyk Amerikada öndürilen bölek şaýlaryň ulaglardaky göterimi baradaky hasabaty çap edýär.


24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....

24.06.2026 17:04
3.3k+

Ýewropada benzin we dizel ýangyçly awtoulaglaryň satuwy peselmegini dowam etdirýär

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynda, EFTA-da (Erkin söwda boýunça Ýewropa assosiasiýasy — Islandiýa, Lihtenşteýn, Norwegiýa we Şweýsariýa) hem-de Beýik Britaniýada 1,15 milliona golaý......

24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

17.06.2026 10:28
1.5k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....