Ýaponiýada ýasalan dünýädäki ilkinji agaç hemrasy kosmosa uçuryldy

  • 06.11.2024 10:12
  • 5.7k+

Dünýädäki ilkinji agaçdan ýasalan emeli hemra “SpaceX” amerikan kompaniýasynyň missiýasynyň çäklerinde kosmosa uçuryldy.

“LignoSat” hemrasy Kiot uniwersiteti bilen Ýaponiýanyň "Sumitomo Forestry" gurluşyk kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi. Emeli hemra Halkara kosmos stansiýasyna eltilip, şol ýerden hem Ýerden 400 km belentlikdäki orbita çykarylar.
“LignoSat” hemrasy Ýaponiýada ösýän we adatça gylyjyň gynlaryny ýasamak üçin ulanylýan agajyň bir görnüşi bolan magnoliýadan ýasaldy. Onuň diwar ölçegleri 10 santimetr, galyňlygy 4-5,5 millimetr we agramy bir kilogram kuba deňdir.
Işläp düzüjileriň pikiriçe, palma ululygyndaky hemra Aý we Mars gözleglerinde agaç ulanylyşyny barlamak arkaly “täzelenip bilýän materiallaryň kosmos mümkinçiliklerini” görkezer.
Kosmonawt we Kiot uniwersitetiniň gözlegçisi Takao Doi: "Agaç - materialy ulanmak arkaly kosmosda özümiz agaçdan jaý gurup, hemişelik ýaşap we işläp bileris" diýip aýdýar. Onuň topary ýakyn 50 ýylda Aýda we Marsda agaç nahallaryny oturtmagy hem-de agaç jaýlary gurmagy meýilleşdirýär.
"LignoSat" ýerleşdirilenden soň, alty aýy orbitada geçirer we onuň elektroniki bölekleri agaçlaryň kosmos şertlerine nähili çydamlydygyny ölçär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....