Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygy saýlanyldy

  • 05.11.2024 10:45
  • 10k+

4-nji noýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň IV gurultaýy geçirildi. Onuň dowamynda syýasy guramanyň öňünde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Forumyň işine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, döredijilik işgärleri gatnaşdylar.
Gurultaý başlamazdan ozal, oňa gatnaşyjylar ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň gazananlarynyň sergisi bilen tanyşdylar.
Forumyň gün tertibine laýyklykda, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň hasabaty diňlenildi hem-de guramaçylyk meselelerine garaldy.
Gurultaýyň dowamynda guramaçylyk meselelerine hem garaldy. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi geňeşiniň başlyklygyna ozal bu partiýanyň Merkezi geňeşiniň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän A.Akmämmedow saýlandy.
Forumyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.


düýn 17:31
929

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....