Aşgabatda we Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda täze elektrik beketleri ulanyşa girizildi

  • 04.11.2024 15:41
  • 5.7k+

3-nji noýabrda Balkan welaýatynyň Etrek etrabynda we Aşgabat şäherinde täze elektrik beketleriniň açylyş dabarasy boldy.

«Etrek» elektrik bekediniň güýjenmesi 220 kilowat bolup, ol dünýäniň belli önüm öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilendir.
Aşgabat şäherinde «Bagyr» elektrik bekediniň güýjenmesi 110 kilowata deňdir.
Bu elektrik beketleriniň gurluşygynda ekologik talaplaryň berjaý edilmegine möhüm ähmiýet berildi. Energetika toplumynda sebit we halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen, Türkmenistan ekologiýa, daşky gurşawy goramak meselelerine jogapkärçilikli, ylmy esasda çemeleşýändigini görkezýär.

Açylyş dabarasynyň dowamynda täze desganyň gurluşygynda tapawutlanan gurluşykçylara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşuryldy.


şu gün 07:51
1.3k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
989

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.1k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......