Türkmenistan Lihtenşteýn bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy

  • 04.11.2024 15:06
  • 4.4k+

1-nji noýabrda Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasynyň edarasynda Türkmenistan bilen Lihtenşteýn Knýazlygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekmek dabarasy geçirildi diýip, türkmen daşary syýasat edarasy habar berýär.

Gol çekmek dabarasynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Aksoltan Ataýewanyň Lihtenşteýn Knýazlygynyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Kristian Wenaweser bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň özara gatnaşyklary berkitmek, syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek başlangyçlaryny mälim etdiler.


düýn 18:04
3k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....

düýn 17:31
929

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......