«Arkadagly Ýaşlar» elektron neşiriniň täze sany çykdy

  • 04.11.2024 14:31
  • 1.3k+

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi.

Žurnalyň täze sanynda Türkmenistanyň Prezidentiniň milli gymmatlyklara bagyşlanan sözleri bilen açylýar.
Žurnalda döwlet Baştutanynyň Tatarystan Respublikasyna sapary, Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegine bagyşlanyp, gadymy şäherde ýakynda geçirilen dabaralar, Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni we Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyklara degişli makalalar bar.
Şeýle hem žurnalda türkmen türgenleriniň üstünliklerine, Wena balyna, merjen şäherimizde gazak şahyry Abaý Kunanbaýewiň heýkeliniň oturdylmagyna, Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan makalalar bar.

Žurnal sahypalarynda dilleriň öwrenilmegi, edep kadalary, türkmen radiosynyň taryhy we milli tagamlaryň taýýarlanylyşy ýaly mowzuklar boýunça maglumatlar berilýär.
Žurnalyň täze sanyna www.turkmenmetbugat.gov.tm saýty arkaly girip bolýar.


şu gün 15:15
747

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi geçiriler

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu medeni çäräni Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli 22 — 27-nji iýun aralygynda......

düýn 01:36
4.9k+

Lebap welaýatynda migrasiýa gullugynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaýy gurlar

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň etrap bölüminiň işgärleri üçin gulluk ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk......

11.06.2026 14:06
7.2k+

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy DÇ-2026-nyň 104 oýnunyň ählisini görkezer

«Türkmenistan: Sport» teleýaýlymy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň ähli oýunlaryny görkezer. Dünýä çempionaty eýýäm şu gije, Aşgabat wagty bilen sagat 00:00-da başlar....

11.06.2026 14:01
7.7k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....