LEGO we Universal Pictures üç sany täze filmi anons etdiler

  • 04.11.2024 13:13
  • 2.1k+

LEGO kompaniýasy Universal Pictures bilen hyzmatdaşlykda üç sany täze oýun filmini çykarar. Bu barada Variety habar berýär.

Geljekki filmleriň sýužeti barada maglumatlar häzirlikçe ýok, ýöne her bir taslama üçin režissýorlar eýýäm kesgitlenildi.
Filmleriň biriniň režissýory hökmünde “Jumanji” franşizasy («Джуманджи») we “Örän erbet mugallym” («Очень плохая училка») filmi bilen tanalýan Jeýk Kezdan çykyş eder. Ol Endrýu Mogel we Jarrad Pol tarapyndan ýazylan ssenariýanyň üstünde işlär. Onuň taslamasy özboluşly ideýa hem-de Mett Mider bilen Kewin Berrouzyň ssenariýasynyň garalamasyna esaslanýar. Ol Melwin Mar bilen bilelikde prodýuser hökmünde-de çykyş eder.
Beýleki bir filmi döretmäge “Täsin zenan” («Чудо-женщина») filminiň režissýory Patti Jenkins gatnaşar. Taslama üçin ssenariýa “Täsin zenan: 1984” («Чудо-женщина: 1984») filminiň üstünde işlän Jeff Jons bilen awtordaşlykda ýazyldy.
“Şa bolmak üçin doglan” («Рожденный стать королем») filmi bilen tanalýan režissýor Jo Korniş ilkibaşda Hizer Enn Kempbell tarapyndan döredilen ssenariýany täzeden ýazmak bilen meşgullanar.
Universal Pictures bilen LEGO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk on ýyldan gowrak wagt ozal LEGO Jurassic World hataryndan we wideo oýunlardan başlady. Bu hyzmatdaşlygyň üstünligi “Lego. Film” (2014) («Лего. Фильм» (2014) boldy we ol “Lego Film: Betmen” («Лего Фильм: Бэтмен»), “Lego Nindzýago Film” («Лего Ниндзяго Фильм») we “Lego Film-2” («Лего Фильм-2») filmleriniň döremegine ýol açdy.


düýn 11:31
1.8k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....