Türkmenistanyň we Beýik Britaniýanyň diplomatik edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

  • 03.11.2024 08:10
  • 1.8k+

31-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Beýik Britaniýanyň Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça daşary işler ministriniň orunbasary, Parlamentiň agzasy Stiwen Douti bilen wideoaragatnaşyk ulgamy akaly duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň çäginde syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Durmuş pudagy döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Şu nukdaýnazardan diplomatlar medeniýet we bilim, hususan-da Türkmenistanda iňlis dilini öwrenmek babatynda oňyn hyzmatdaşlygy tassykladylar.


düýn 17:31
929

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

düýn 15:39
1.5k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

04.06.2026 16:07
2.7k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

04.06.2026 12:34
4.4k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....