A.S. Puşkin adyndaky Türkmen-Rus umumybilim berýän orta mekdep üçin goşmaça bina gurlar

  • 02.11.2024 11:29
  • 13k+

Aşgabatda A.S. Puşkin adyndaky Türkmen-Rus umumybilim berýän orta mekdep üçin goşmaça binany gurmak meýilleşdirilýär. Bu barada 30-njy oktýabrda Russiýa wekiliýetiniň resmi saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň magaryf ministriniň orunbasary Andreý Korneýew bilen Türkmenistanyň bilim ministriniň orunbasary A.Ataýewiň arasynda geçirilen duşuşykda aýdyldy. Muny Bilim ministrliginiň metbugat gullugy ýetirýär.

Duşuşygyň barşynda taraplar bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň şertlerini seljermegi dowam etdirmek we gurluşygyň başlamagy üçin zerur çäreleri ara alyp maslahatlaşmak barada ylalaşdylar.
Gepleşikleriň barşynda şeýle hem bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we möhüm meseleler boýunça tejribe alyşmagyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar ykdysadyýetiň esasy pudaklary üçin işgärleri çalt taýýarlamaga gönükdirilen “Professionalitet” atly rus maksatnamasynyň tejribesini alyşmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen tarapy iş berijileriň sazlaşykly goşulmagy bilen okatmagyň möhletlerini netijeli gysgaltmaga gönükdirilen Russiýa çemeleşmelerini, şeýle hem usullaryny öwrenmäge gyzyklanmasyny beýan etdi. Russiýa tarapy türkmen hünärmenleriniň maksatnamanyň usulyýeti we hünärmenleri taýýarlamagyň ýörelgeleri bilen iş ýüzünde tanyşmagy üçin tanyşdyryş saparlaryny guramagy teklip etdi.
Pedagogiki we akademiki ölçegler meselesine aýratyn üns berildi. Bu ugurda bitewi we jemleýji synaglary geçirmegiň mümkinçilikleri, şeýle hem 11-nji synplar üçin Ýeke-täk döwlet synagy (ÝDS) we 9-njy synplar üçin Esasy döwlet synagy (EDS) ýaly synaglary geçirmegiň rus tejribesi boýunça tejribe alyşmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu synaglar rus bilim ulgamynda okuwçylaryň bilimlerini bahalandyrmakda möhüm bolup, orta we ýokary okuw mekdeplerine girmäge standartlaşdyrylan şertleri üpjün edýär.


02.06.2026 20:35
3.6k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

02.06.2026 19:33
6k+

Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okuw tölegleri bir ýylda 10,7% gymmatlady

Russiýanyň uniwersitetlerinde okuw tölegleri bir ýylyň dowamynda ortaça 10,7% ýokarlandy. Bu barada Russiýanyň Ylym we ýokary bilim ministrliginiň maglumatlaryna salgylanyp, «Kommersant» gazeti habar berýär....

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......