Robert Dauni-kiçi özüniň sanly taýyny döretmegi düýbünden gadagan etdi

  • 02.11.2024 11:21
  • 5.1k+

“Oskar” baýragynyň eýesi Robert Dauni-kiçi emeli aňyň kömegi bilen özüniň sanly nusgasynyň döredilmegine düýbünden garşy çykýar. Aktýor hatda ölenden soň hem öz obrazynyň ulanylmagyny islemeýär. Bu barada ol “On with Kara Swisher” podkastynda aýtdy.

Demir adamyň roluny ýerine ýetiriji, eger studiýa ýolbaşçylary hatda ol ölenden soň onuň obrazyny ulanmak isleseler, hukukçylar tarapyndan hukuklarynyň goraljakdygyny we degişli adamlara çäre görüljekdigini aýtdy.
Ýöne Dauni-kiçi Marvel studiýasynyň hatda Demir adam personažyny gaýtadan dikeltmek üçin-de şeýle hereketi etmejekdigine ynanýar.

“Men bolaýyn ýa-da bolmaýyn, olar muny hiç haçan etmezdi” – diýip, aktýor belledi.

Häzir aktýor dramaturg Aýýad Ahtaryň “MakNil” pýesasynyň sahnalaşdyrylmagyna gatnaşýar. Bellenilişi ýaly, spektakl emeli aň pudagynda korporasiýalaryň agdyklyk etmek meselesine bagyşlanýar we onda, beýlekiler bilen bir hatarda, OpenAI-iň baş müdiri Sem Altmanyň obrazyna-da salgylanmalar bar. Şeýle-de, Dauni-kiçi supergahrymanlaryň älemine gaýdyp gelmäge taýýarlanýar – ol “Ar alyjylar: Kyýamat güni” (Мстители: Судный день) filminde Doktor Dumyň keşbini ýerine ýetirer. Filmiň premýerasy 2026-njy ýyla meýilleşdirilýär.


düýn 11:31
1.8k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
2k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
17k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....