13-15-nji noýabrda Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly geçiriler

  • 02.11.2024 09:53
  • 2.9k+

Şu ýylyň 13 — 15-nji noýabry aralygynda Aşgabatda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwaly geçirmäge taýýarlyk görülýär. Bu barada wise-premýer M.Mämmedowa anna güni Hökümet mejlisinde hasabat berdi diýip, TDH habar berýär.

Halkara kinofestiwalyň açylyş we ýapylyş, baýraklaryň gowşurylyş dabaralaryny Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçirmek göz öňünde tutulýar. «Aşgabat» myhmanhanasynda TÜRKSOÝ-na agza ýurtlaryň kinematograflarynyň duşuşygyny geçirmek, «Aşgabat» kinoteatrynda, «Türkmenistan» we «Watan» kinokonsert merkezlerinde festiwala gatnaşýan ýurtlaryň kinofilmleriniň görkezilmegi, Türkmen döwlet medeniýet institutynda bolsa daşary ýurtly kinematograflaryň we artistleriň talyplar üçin ussatlyk sapaklaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzdaky we onuň etegindäki ajaýyp ýerlere gezelençler guralar.


şu gün 11:31
988

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.6k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
14k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

düýn 20:34
1.2k+

«Ýaş tebigatçy» guramasy «Bilelikde ýaşyl geljege!» eko-festiwalyna gatnaşmaga çagyrýar

«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Aşgabadyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny ekologiýa medeniýetini ösdürmäge hem-de durnukly ösüşe bagyşlanan «Bilelikde ýaşyl geljege!» atly eko-festiwala gatnaşmaga......