Apple M4 çibi we emeli aň funksiýalary bilen täzelenen Mac Mini hödürledi

  • 31.10.2024 23:44
  • 2k+

Apple kompaniýasy M4 çibi we täze Apple Intelligence funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan Mac Mini-niň täze wersiýasyny hödürledi. Her tarapy bary-ýogy 5 dýuým ölçegli ykjam gurluş gaýtadan seredilen dizaýny we innowasion sowadyş ulgamyny görkezýär diýip, Overclockers habar berýär.

Täze Mac Mini-niň ýylylyk arhitektura ulgamy howany tutuş ulgam boýunça ýaýradýar, wentilýasiýa bolsa diňe kompýuteriň esasynyň üsti bilen gönükdirilýär.
Göwrüminiň kiçidigine garamazdan, Mac Mini portlaryň uly toplumyny saklaýar: öňdäki panelde iki USB-C we nauşnik üçin ýer, yzky panelde bolsa Ethernet, HDMI we Thunderbolt goldawy bilen üç USB-C bar. Bu portlaryň tizligi M4 prosessorynyň görnüşine baglydyr. M4 wersiýa Thunderbolt 4 birikmesini goldaýar, M4 Pro bolsa has ýokary okaýyş we ýazgy tizligi bilen iň täze Thunderbolt 5 birikmesini üpjün edýär.

Şeýle-de, Mac Mini ýokary öndürijilige eýe boldy. Esasy wersiýa M4-de 10 CPU we GPU ýadrosy, M4 Pro-da bolsa 14 CPU we 20 GPU ýadrosy bar. Operatiw ýat Apple Intelligence funksiýalaryny goldamak üçin 16 GB-den başlaýar. Ulanyjylar 32 GB-den M4 Pro wersiýasy bilen 64 GB çenli görnüşi-de saýlap bilerler.
Täze gurluşlarda maglumatlary saklamak ulgamy hem şeýle kiçijik gurluş üçin täsirli 8TB çenli giňelýär.
Has çalt simli birikmäni gözleýän ulanyjylar üçin goşmaça täzelenme hökmünde 10 gigabit Ethernet hem elýeterlidir.
Esasy M4 modeli üçin baha 599 dollardan, has kuwwatly M4 Pro üçin bolsa 1399 dollardan başlaýar. Gurluş deslapky sargyt üçin eýýäm elýeterli, satuwa bolsa 8-nji noýabrda çykarylar.


düýn 19:22
1k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...

düýn 15:17
1.5k+

Apple düzüminde ýekeje işgäri bolan invrs.io startapyny satyn aldy

Apple kompaniýasy Ýewropanyň invrs.io startapyny satyn aldy. Bu geleşigiň iň gyzykly tarapy — startapda ýekeje adam işleýär, olam onuň esaslandyryjysy Martin Şubert. Indi ol öz işini Apple-de dowam etdirýär. Bu şertnama üçin amerikan kompaniýasynyň näçe pul çykarany mälim edilmedi...

20.02.2026 11:20
1.9k+

Kameraly äýnekler, akylly tumarlar we täze AirPods: Apple-yň geljekki meýilnamalary

Bloomberg agentliginiň synçysy Mark Gurman Apple kompaniýasynyň emeli aň goldawy bolan täze dakynylýan enjamlaryň üstünde işleýändigini habar berdi. Kompaniýa Siri ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin ähli täze enjamlary kameralar bilen enjamlaşdyrmagy meýilleşdirýär...

20.02.2026 10:14
341

Apple Music-de indi ýakyndaky konsertleri tapyp bolar

Apple kompaniýasy iOS 26.4 täzelenmesi bilen Apple Music hyzmatyna birnäçe möhüm funksiýalary goşýar. Bu täzelenmeler ulanyjylara söýgüli aýdymçylaryna has ýakyn bolmaga we emeli aňyň kömegi bilen täze sazlar dünýäsini açmaga mümkinçilik berer...