ChatGPT türkmen dilini özleşdirýär

  • 31.10.2024 15:30
  • 11k+

Emeli aň pudagynda öwrülişik döreden ChatGPT çat-boty bize eýýäm iki ýyl bäri tanyş. OpenAI kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan bu çat-bot häzirki wagtda bütin dünýäde işjeň ulanylýar. Ol iňlis, rus, fransuz, nemes, hytaý, arap, türk we ispan ýaly ýigrimiden gowrak dillerde “gürleşip bilýär”.
ChatGPT türkmen dilini bilýärmi?
Hawa. Ýöne ol häzirlikçe biziň ene dilimizde kämil derejede işlemeýän hem bolsa, türkmen dilinde käbir maglumatlary bermäge synanyşýar.

Aýdaly, türkmen dilinde ýazylan uly möçberli tekstiň ýa-da kitabyň gysgaça mazmunyny çykaryp bermeli. Bu ýagdaýda çat-bota degişli buýrugy ýazyp, teksti ýa-da kitabyň faýlyny ýükläp goýmaly. ChatGPT gysga wagtda bu işi ýerine ýetirip berer.
Aslynda çat-bot tekstiň mazmunyny baýlaşdyrmaga, çylşyrymly, ylmy dilde  ýazylan tekstleri çeperleşdirmäge, ýönekeý dile geçirmäge, teksti redaktirlemäge ýardam berýär. Köp sanly dilleri bilýän çatbot şol dillerden tekstleri, ýazgylary türkmen diline terjime hem edip bilýär.

Eýsem, ChatGPT mugallymlar üçin nähili peýdaly bolup biler?
Bu çat-bot mugallymlara okuw meýilnamalaryny we maksatnamalaryny taýýarlamakda, gerekli maglumatlary tapmakda kömek edip bilýär. Şeýle hem mugallymlar belli bir tema boýunça okuwçylara beriljek soraglary taýýarlamakda we okuwçylaryň berýän soraglaryna düşündirişler bermekde çat-botdan peýdalanyp bilerler. Mundan başga-da, sapakda ulanyljak tablisalardyr görkezme esbaplary ChatGPT-ä taýynladyp bolar. Mysal üçin, türkmen dili mugallymy çekimli sesleriň toparlara bölünişi boýunça iň sada we düşnükli tablisany taýynladyp, ony sapakda ulanyp biler.

Ýöne nähili bolanda-da, çat-botuň adamlar tarapyndan döredilen PROGRAMMAdygyny ýatdan çykarmaly däl. Ol ýalňyşyp hem biler.
Bu babatda şeýle ýagdaý boldy: ýurdumyzyň iň beýik nokady barada soralanda, çat-bot onuň Aýrybabadygyny, belentliginiň bolsa 3139 metre barabardygyny hem-de Lebap welaýatynda ýerleşýändigini aýtdy. Emma “Aýrybaba belentligi Mary welaýatynda ýerleşýärmi?” diýip soralanda welin, ol onuň Mary welaýatynda ýerleşýändigini tassyklady.

Emma täze açylan penjirede "Aýrybaba belentligi Mary welaýatynda ýerleşýrmi?" diýlip soralanda, bot tassyklaýjy jogap berdi. Jogaby takyklamak üçin goşmaça soraglar berlende welin, çat-bot ýalňyşyny düzetdi.

Umuman, Amerikanyň ylmy-gözleg kompaniýasy bolan OpenAI tarapyndan işlenip taýýarlanan emeli aňly ChatGPT çat-botunyň örüsi bu ýerde beýan edişimizden has giň. Elbetde, biziň getiren mysallarymyz onuň mugt görnüşi bilen bagly. Ol islendik adamyň ulanmagy üçin elýeterlidir. ChatGPT-ni islendik adam öz gyzyklanýan ugry ýa-da hünäri boýunça ulanyp biler. Ýöne, bu çat-bot entek türkmen dilinde “gürlemek” babatda biraz gögele. Muňa garamazdan, onuň ýene sanlyja ýyllaryň içinde has kämilleşjekdigine ynanýarys.
Galyberse-de, şu makala üçin esasy suraty ChatGPT taýýarlap berdi.


19.03.2026 18:11
2.5k+

«Ýönekeý» Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýada okajaklara iň amatly şertleri üpjün edýär

«Ýönekeý» kompaniýasy Hytaýyň, Türkiýäniň we Malaýziýanyň öňdebaryjy uniwersitetlerinde bilim almaga isleg bildirýänleri okuwa çagyrýar. Häzirki wagtda köp isleg bildirilýän ugurlar boýunça resminamalar kabul edilýär...

17.03.2026 17:48
5.7k+

Cargo TM ulag we ýük gözlegini ýeňilleşdirýär

Ýük daşama hyzmaty düýpgöter üýtgeýär: indi sanly tehnologiýalaryň döwründe uzak wagtyňy biriniñ usti bilen ulagyň gözlegine sarp etmegiň geregi ýok. Cargo TM goşundysy bu ugurda ýönekeý bir çözgüt bilen — ýük ibermek hem-de ony eltip bermek isleýänleri göni birikdirmek maksady bilen bazara girýär...

16.03.2026 15:11
10k+

Türkmenistanda bu hepde howa durnuksyz boljak

16-22-nji mart aralygynda Türkmenistanda üýtgäp durýan bulutly howanyň bolmagyna garaşylýar. Hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Howanyň maýlamagyna garamazdan, dynç günleri ýene bulutlaşyk bolar...

12.03.2026 18:46
5.7k+

Bitkoin düşýär, materiallar gymmatlaýar: howsalasyz (we gowy marža bilen) nädip satyn almaly

Eger şu gün habarlary açyp, bitkoin ýene-de “arzanlady”, metallar we gurluşyk materiallary bolsa edil öz aýratyn satuw bölümi bar ýaly hereket edýär diýip gören bolsaňyz — siz ýeke dälsiňiz. Reuters maglumatlaryna görä, bitkoin takmynan 63,3 müň dollar derejesine çenli düşüpdi, kripto-aktiwler bazary bolsa güýzdäki iň ýokary derejeden bäri takmynan 2 trillion dollar ýitgi çekdi...