Meksikada ýüzlerçe ýyldan soň, tötänden maýýalaryň iri şäheri tapyldy

  • 31.10.2024 14:16
  • 7.6k+

Tuleýn uniwersitetiniň (ABŞ) aspirantlary Meksikanyň jeňňelliginden maýýa medeniýetiniň ýitip galan iri şäherini tapdylar.

Aspirant Lýuk Old-Tomasyň sözlerine görä, ol internete girip oturan wagty lidar maglumatlaryna duş gelipdir. Ol BBC beren gürrüňinde: "Google gözleginiň 16-njy sahypasyndakam Meksikanyň daşky gurşawa gözegçilik edýän guramasy tarapyndan geçirilen lazer gözlegini tapdym" – diýip, aýdýar.
Lidar tehnologiýasy karta döretmek üçin ýagtylyk impulslaryny ulanyp, ýerasty obýektleri howadan skanirlemäge mümkinçilik berýär. Old-Tomas maglumatlary gaýtadan işlänsoň, biziň eýýamymyzyň 750-850-nji ýyllarynda Maýýa medeniýetiniň gülläp ösen döwründe ilaty, megerem, 30-50 müň adam bolan uly şäheriň galyndylaryny kesgitledi.
Golaýdaky ýalpak aýlagyň hormatyna Waleriana diýlip atlandyrylan ýiten şäher Kspudžil sebitindäki gara ýoluň golaýynda ýerleşýär. Bu ýerde eýýäm piramidalaryň, sport meýdançalarynyň, etraplary birleşdirýän kanallaryň, şeýle hem amfiteatrlaryň yzlary tapyldy.
Professor Marçello Kanutonyň sözlerine görä, bu açyş tropiki ýerleriň “siwilizasiýalaryň ölen ýeri” diýen düşünjäni üýtgedip biler. "Tersine, bu ýerde çylşyrymly medeniýetler gülläp ösüpdir" – diýip, ol nygtady.
Umuman, Old-Tomas we Kanuto jeňňeldäki üç dürli ýerde gözleg geçirdiler. Olar dürli ululykdaky 6764 binany tapdylar.
Arheologlar şäheriň howanyň üýtgemegi sebäpli terk edilendigine ynanýarlar, ýöne takyk sebäpleri entek belli däl.


düýn 19:49
2.2k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

13.06.2026 12:29
5.9k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

12.06.2026 15:47
12k+

Şakira, labubu we astekler: DÇ-2026-nyň açylyş dabarasy nähili geçdi (FOTO)

Meksikanyň paýtagtyndaky «Asteka» stadionynda futbol boýunça dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy boldy we ol ýaryşyň ilkinji resmi duşuşygynyň öňüsyrasynda guraldy. Bu uly şüweleň, esasan, iki bölege bölündi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....