“Ýüzükleriň hökümdary” filminde Sarumanyň keşbinde merhum Kristofer Liniň sesi ulanylar

  • 31.10.2024 14:09
  • 5.6k+

“Ýüzükleriň hökümdary” (Властелин колец) älemine esaslanýan täze doly metražly animasion filmde tomaşaçylar kino uýgunlaşmasynda Ak Sarumanyň keşbini ýerine ýetiren merhum Kristofer Liniň sesini eşiderler. Şol bir wagtyň özünde, filmi döredijiler emeli aňy ulanmazlar. Bu barada “Ýüzükleriň hökümdary” we “Hobbit” filmleriniň ssenariýaçysy Filippa Boýens “GameSport” neşiri bilen söhbetdeşlikde aýtdy.

Aktýor 2015-nji ýylda aradan çykdy. “Ýüzükleriň hökümdary: Rohirrim urşy” (Властелин колец: Война рохиррим) animasion taslamasyny döredijiler personažyň özboluşly intonasiýasyny bermek üçin onuň arhiw ýazgylaryndan peýdalandylar.

“Biz olary tapdyk we ýene onuň sesini eşidip bildik – ol diňe bir replikalary aýtman, eýsem ýazga alýan wagtymyz biziň bilen gürleşdi. Biz onuň “Size kömek gerekmi, hanym?” jümlesini we onuň wersiýalaryny esas hökmünde aldyk. Ol köp dubl etdi we biz ony täzeçe many tapmak üçin ulanyp bilerismi, biraz üýtgedip bilerismi diýip pikir etdik... ýöne bu henizem Kristofer Liniň rolundan hakyky parça” – diýip, ssenariýaçy gürrüň berdi.

Şol bir wagtyň özünde ol ses režissýorlarynyň toparynyň neýroulgam tehnologiýalaryny ulanmagy meýilleşdirmeýändigini belledi. Liniň sesi onuň asyl görnüşinde ulanylar.
Aktýoryň ýazgylaryny ulanmak üçin filmi döredijiler Liniň aýalyndan resmi rugsady aldylar we şunuň bilen aktýoryň mirasyna hem-de onuň özboluşly ýerine ýetiriş stiline hormaty sakladylar.


şu gün 11:31
1.4k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

düýn 23:58
1.7k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

düýn 21:03
15k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....

25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....