Elektromobilleriň dünýä boýunça satuwy peselýär: ýöne bu Tesla degişli däl

  • 30.10.2024 11:44
  • 4.5k+

Elektromobillere bolan isleg azalýar. Şol sebäpli köp awtoulag öndürijileri içinden ýandyrylýan hereketlendirijileri bolan modellerden ýüz öwürmek strategiýalaryna täzeden seredýärler. Şeýlede bolsa elektromobil bazarynyň lideri Tesla Ýewropada, Hytaýda we ABŞ-da durnukly ösüşi görkezmegini dowam etdirýär diýip, IT Home habar berýär.

Ilon Maskyň kompaniýasy 2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde dünýä bazaryny 463,000 elektromobil bilen üpjün etjekdigini habar beripdi, bu bolsa Tesla üçin täze rekord boldy.
Hytaýda Model Y ýanwar-sentýabr aralygynda iň köp satylan model boldy, sentýabr aýynda bolsa Ýewropada öňdeligi eýeledi. Şwesiýa, Niderlandlar, Daniýa we Şweýsariýa ýaly ýurtlarda Model Y ýyllyk satuwlarynda birinji ýerde durýar. ABŞ-da bolsa iň meşhur modeller Model Y, Model 3 we Cybertruck boldy.
Mask 2025-nji ýylda üpjünçiligi 20-30% artdyrmagy meýilleşdirýändigini aýtdy. Ol: “Biz elektromobilleriň sarp edijiler üçin iň gowy saýlawdygyna ynanýarys” – diýdi.
22-nji oktýabrda Tesla-nyň 7 million awtoulag öndürmegini belländigini, 27-nji oktýabrda bolsa millionynjy Model Y modeliniň “Frimonte” zawodyndan çykandygyny ýatladýarys.


29.05.2026 23:38
3.5k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.7k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

22.05.2026 10:06
6.6k+

Uçýan «Alef» elektromobili eýýäm 1000-den gowrak synag uçuşyny amala aşyrdy

Amerikanyň Alef Aeronautics startap kompaniýasy özüniň uçýan «Model A» atly elektromobiliniň 1000-den gowrak synag uçuşyny üstünlikli tamamlandygyny mälim etdi. Kompaniýa indiki ýyl taýýar ulaglary ilkinji......