Google "Google Photos-da" emeli aň tarapyndan işlenen suratlary belgiläp başlar

  • 29.10.2024 21:25
  • 2.2k+

Google kompaniýasy Google Photos programmasyna ulanyjylara suratlaryň emeli aň (AI) ulanyp redaktirlenendigini ýa-da däldigini habar berjek täzelenme goşdy. Kompaniýanyň resmi blogynda habar bermegine görä, täze funksiýa şu hepdeden programmada elýeterli bolar.

Magic Editor, Magic Eraser we Zoom Enhance gurallarynyň kömegi bilen redaktirlenen suratlar üçin “Jikme-jiklikler” bölüminde ýörite “Google AI bilen redaktirlenen” diýen bellik peýda bolar. Mundan başga-da, AI redaktirlemesi baradaky maglumatlar surat meta maglumatlaryna goşular. Bu üýtgeşikme birleşdirilen şekilleri döredýän Best Take and Add Me aýratynlyklaryna hem täsir eder.
Şeýle bellikleriň girizilmegi ulanyjylaryň AI tarapyndan döredilen mazmunda bellikleriň ýokdugy baradaky tankytlaryna jogap boldy. Şeýle-de bolsa, ulgam şekillere görünýän suw belliklerini goşmagy göz öňünde tutmaýar.
Google Photos aragatnaşygy boýunça menejer Maýkl Markoni: "Biz redaktirlemekde AI-niň ulanylmagyny has aç-açan etmek üçin seslenmeleri jemlemegi we howpsuzlyk çärelerini kämilleşdirmegi dowam etdireris" – diýip belledi.
Google AI tarapyndan döredilen mazmunyň markalanmagyny ýylyň ahyryna çenli giňeltmegi we gözleg ulgamyna girizmegi meýilleşdirýär.
Google-yň AI tarapyndan döredilen tekstlere bellik edip başlandygyny öň habar beripdik.


25.06.2026 14:57
1.1k+

Google kino älemine ilkinji gezek maýa goýup, «A24» studiýasynyň paýyny satyn alýar

Google tehnologiýa ägirdi we "A24" meşhur garaşsyz kino studiýasy strategik hyzmatdaşlyk barada ylalaşyk baglaşandyklaryny resmi taýdan yglan etdiler....

25.06.2026 10:21
4.5k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....