Duýduryş öwüşginli gadymy tarakanlaryň öň belli bolmadyk görnüşi tapyldy

  • 29.10.2024 15:19
  • 8.6k+

40 ýyl mundan ozal Bristol muzeýiniň ýygyndysyndan tapylan galyndylaryň ýakynda geçirilen barlagy gadymy duýduryş öwüşginli tarakanyň täze görnüşini tapmaga kömek etdi. Mör-möjek Ýura döwrüne degişlidir.

Galyndylary öwrenen paleontologlar 184 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen mör-möjekleriň ganatynyň yzlaryny tapdylar.
Tapyndy tarakanlaryň täze - Alderblattina simmsi görnüşine degişli edildi.
Mör-möjegiň ganatlarynyň galyndysynyň  uzynlygy 13,2 millimetre, ini 3,7 millimetre ýetdi. Ganatlaryň yzky bölekleri ýok, saklanyp galan üstki böleginde 38 damaryň yzy galypdyr. Esasy aýratynlygy - üç sany aýdyň görünýän tegmil (ikisi tegelek diýen ýaly), olaryň biri iň ujunda ýerleşýärdi. Häsiýetli tegmiller mimikriýanyň mör-möjeklerde ösendigi baradaky netijä gelmäge mümkinçilik berdi. Açyk tegmiller, häzirki mör-möjeklerden belli bolşy ýaly, ýyrtyjylary ürküzmäge hyzmat eden bolmagy mümkin. Bu açyş şol döwürdäki tarakanlarda duýduryş reňkiniň ikinji tassyknamasy bolup, ýyrtyjylar tarapyndan edilýän basyşa uýgunlaşmagyň möhümdigini görkezýär.
Şeýle ösen nagyşlar şunuň ýaly gadymy galyndylarda ilkinji gezek hasaba alynýar. Şonuň üçin alymlar beýan edilen görnüşiň tarakanlar üçin iň köne duýduryş reňki bolup biljekdigini çaklaýarlar.
Alymlar Trias döwrüniň ahyrynda we Ýura döwrüniň başynda mör-möjeklere garşy pterozawrlaryň peýda bolandygyny we süýdemdirijileriň işjeň ösendigini bellediler. Ýyrtyjylar tarapyndan edilýän basyş mör-möjekleriň ewolýusiýasyny goranmaga tarap iteren bolmagy mümkin, bu tarakanlarda duýduryş öwüşgininiň peýda bolmagyna sebäp bolandyr. Şeýle-de bolsa, Papers in Palaeontology žurnalynda çap edilen makalanyň awtorlary bu baglanyşygy takyk kesgitlemegiň henizem kyndygyny bellediler.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....