Apple öz PCC bulut ulgamyny döwüp biljek hakerlere 1 million dollar wada berdi

  • 28.10.2024 23:05
  • 4.4k+

Apple täze sylaglaýyş programmasyny yglan etdi. Kompaniýa Private Cloud Compute (PCC) bulut ulgamynda howply gowşak ýerleri tapana 1 million dollara çenli pul baýragyny teklip edýär.

Bu bulut hyzmaty, Apple-iň iPhone we Mac ýaly enjamlarynyň wezipeleri ýerine ýetirmäge güýji ýetmedik ýagdaýynda, çylşyrymly emeli aň hasaplamalaryny amala aşyrmak üçin ulanylýar.
Apple Security Bounty başlangyjynyň bir bölegi bolan bu programma kiberhowpsuzlygyň hünärmenlerine wirtual barlag gurşawyna we PCC ulgam koduna girmegi teklip edýär. Bu täzelik has giň köpçülik üçin mümkinçilikleri açýar, ozal PCC-e girmek diňe az sanly hünärmenlere elýeterlidi.
Sylagyň möçberi ýüze çykarylan gowşaklygyň görnüşine baglydyr. PCC-iň serwerlerinde zyýan beriji kody ýerine ýetirmek başarnygy üçin 1 million dollar baýrak göz öňünde tutulan. Ulanyjy maglumatlaryna elýeterliligiň kesgitlenmegi üçin 250 müň dollar we aýratyn maglumatlar babatdaky hukuklaryň bozulmagy üçin 150 müň dollar baýrak berilýär.


07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.2k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...