Ýaponiýada möhletinden öň parlament saýlawlary geçirildi

  • 28.10.2024 15:01
  • 2.3k+

27-nji oktýabrda Ýaponiýada möhletinden öň parlament saýlawlary geçirildi. NHK teleýaýlymynyň we "Kiodo" habar gullugynyň maglumatlaryna görä, Liberal Demokratik partiýanyň ýolbaşçylygyndaky dolandyryjy koalisiýa 2012-nji ýyldan bäri ilkinji gezek sesleriň köplügini gazanyp bilmedi.

Şu gezekki saýlawlaryň netijesinde häkimiýet başyndaky partiýa Wekiller palatasyndaky 465 ornuň 191-sine eýe boldy (ozal 247-siniň eýesidi).  Mejlisiň aşaky palatasyna gözegçiligi dowam etdirmek üçin oňa 233 orun zerurdy, şeýle-de komitetleriň hersine häkimiýet dolandyryşy öz üstlerine almak üçin 261 orun gerekdi.
Liberal Demokratik partiýanyň ýolbaşçylygyndaky dolandyryjy koalisiýa öz hyzmatdaşy Komeýto bilen bilelikde 215 sese bil baglap biler. BBC-iň belleýşi ýaly, liberal demokratlaryň gowşak netijesi olaryň oppozisiýa girjekdigini aňlatmaýar: Komeýtodan başga-da, partiýa koalisiýa beýleki hyzmatdaşlaryny hem alyp biler.
Saýlawlaryň ikinji netijesi, oppozisiýanyň Konstitusiýa Demokratik partiýasy bolup, ol Wekiller palatasyndan 148 orun aldy, öňki saýlawlar bilen deňeşdirilende, ol ep-esli gowulaşdy (98). Galan orunlar beýleki partiýalara: 38 orun Ýaponiýa innowasiýa partiýasyna (Nippon Issin), 28 adam Demokratik partiýa we ş.m.-lere degişli boldy. Umuman alanyňda, ähli oppozisiýa güýçleri we garaşsyz dalaşgärler 233 belgiden ýokary bolup, 250 ses berilişik kagyzyny almagy başardylar, ýöne entek bir koalisiýanyň dörediljekdigini  yglan etmediler.
Wagtyndan öň saýlawlaryň geçirilmegini liberal demokratlaryň lideri Sigeru Isiba partiýanyň täze başlygy bolanyndan we  Fumio Kisidanyň ýerine premýer-ministr wezipesini alanyndan soň gysga wagtyň içinde başlady. Isiba bu saýlawlara premýer-ministr bolmagy üçin jemgyýetçilik ses berlişigi hökmünde garady.
Ýaponiýanyň Liberal Demokratik Partiýasy 1955-nji ýylda döredilen gününden bäri hemişe diýen ýaly häkimiýet başyndady (köplenç koalisiýada).  Partiýa birnäçe ýyl oppozisiýada boldy: 1993-nji ýyldan 1994-nji ýyla çenli we 2006-njy ýyldan 2009-njy ýyla çenli.  Liberal demokratlar bilen Komeýtonyň dolandyryjy koalisiýasy 2009-njy ýyldan bäri bar diýip, rbc.ru habar berýär.


düýn 10:04
5k+

Kyodo: Ýaponiýada puluň hümmetsizlenmegi güýçlendi. Lomaý bahalar üç ýylyň iň ýokary derejesine ýetdi

ABŞ-ndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň nominallaýyn Jemi içerki önüm (JIÖ) boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýän Ýaponiýa ykdysady basyşyň güýçlenmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kyodo habarlar gullugynyň......

11.06.2026 07:42
1.8k+

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

09.06.2026 15:08
2.3k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 15:17
4k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......