Tötänleýin açyş: Alymlar adaty 3D printerde elektronikany çap etmegi öwrendiler

  • 28.10.2024 10:57
  • 4.1k+

Massaçusets Tehnologiýa institutynyň (MIT) barlagçylary ýarymgeçirijileri ulanmazdan, doly işleýän elektron böleklerini üstünlikli döredip, 3D çap etmek pudagynda tötänden uly açyş etdiler. Olar öz gazanan üstünliklerini Virtual and Physical Prototyping žurnalynda beýan etdiler.

Täze tehnologiýa ýönekeý we elýeterli usullary ulanyp, elektronika öndürmekde uly mümkinçilikleri açýar.
Şu wagta çenli tranzistorlar ýaly işjeň elektron böleklerini döretmeklik steril şertlerde çylşyrymly we gymmat düşýän önümleri öndürmegi talap edýärdi. Täze usul içinden tok geçirilende ýarymgeçirijiniň häsiýetlerini görkezýän mis nanobölejikler bilen garylan polimer materiallaryny ulanýar.
Açyş edilen wagty MIT-iň topary “gurluşyk materialy” hökmünde mis nanobölejikler bilen polimer filamentini ulanyp, adaty 3D printerde başga bir maksat üçin magnit katuşkalaryny çap edýärdi. Barlagçylar içinden tok geçirilende mis-polimer düzüminiň garşylygynyň ep-esli ýokarlanýandygyny we naprýaženiýe öçürilen badyna bolsa kadaly ýagdaýa gelýändigini gördüler - bu bolsa olardan ýasalan tranzistorlaryň işlemegi üçin zerur bolan ýarymgeçiriji materiallaryň esasy häsiýeti şundan ybarat.
MIT-iň topary täze tehnologiýany ulanyp, ilkinji doly 3D görnüşinde çap edilen öz-özüni dikeldiş goraýjylaryny we tranzistorlaryň ýönekeý analoglaryny döretdi. Bu bölekler gaty ygtybarly we öndürmesi aňsat bolup çykdy, bu bolsa ýönekeý elektron zynjyrlaryň zerur bolan dürli ugurlarynda ulanmak mümkinçiligini göz öňünde tutýar.

“Hakykatda, köp inženerçilik ýagdaýlarynda iň gowy çipleriň ulanylmagyna zerurlyk ýok. Galyberse-de, sizi esasy gyzyklandyrýan zat - enjamyňyzyň işi ýerine ýetirip biljegi-bilmejegi ahyry. Bu tehnologiýa şeýle talaby kanagatlandyryp biler" - diýip, MIT-iň mikroçip tehnologiýalary barlamhanasynyň baş ylmy işgäri Luis Fernando Welaskes-Garsiýa belledi.

Alymlar täze tehnologiýanyň mümkinçiliklerini we onuň dürli ugurlarda ulanylyşyny öwrenmegi dowam etdirýärler.


düýn 22:30
407

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......

22.06.2026 08:10
5k+

Barlaglar kalsiniň we D witamininiň süňkler üçin peýdalydygyny tassyklamady

Kanadaly alymlar kalsiniň, D witamininiň ýa-da ikisiniň utgaşmasynyň yzygiderli kabul edilmeginiň gartaşan adamlaryň köpüsinde süňk döwülmeleriniň we ýykylmalaryň töwekgelçiligini azaltmaga täsiriniň azdygyny......

21.06.2026 16:08
3.8k+

Kofehanadan ýangyç gaba: Günorta Koreýada kofe çökündisini ýangyja öwürmegiň usuly tapyldy

Günorta Koreýanyň Ýer ylymlary we mineral serişdeler institutynyň barlagçylary çygly we ulanylan kofe galyndysyny bary-ýogy 90 sekundyň içinde ýokary kaloriyaly bio-kömüre öwürmäge mümkinçilik berýän täze usul......

20.06.2026 10:01
4.3k+

Ylmy barlaglar sungata öwrülende: Iş başyndaky alymyň surat bäsleşiginiň ýeňijileri

Nature žurnaly her ýyl geçirilýän Scientist At Work surat bäsleşiginiň netijelerini yglan etdi we 2026-njy ýylyň iň gowy bäş suratyny görkezdi. Ähli işler alymlaryň özleri tarapyndan surata düşürilipdir....