Türkmenistanyň DIM-nde Ermenistanyň Premýer-ministriniň geňeşçisi bilen duşuşyk geçirildi

  • 26.10.2024 08:03
  • 1.4k+

24-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Ermenistanyň Premýer-ministriniň geňeşçisi Artaşes Tumanýan bilen türkmen-ermeni hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy.

Türkmenistanyň DIM-nde geçirilen duşuşykda, hususan-da, söwda-ykdysady ulgamdaky hyzmatdaşlyk boýunça gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda habar berdiler.
Taraplar Ermenistanyň Prezidenti Waagn Haçaturýanyň Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy – parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyna gatnaşmak üçin ýaňy-ýakynda Türkmenistana amala aşyran iş saparynyň ähmiýetini nygtadylar.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga taýýardyklaryny mälim etdiler.


08.06.2026 18:54
4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

08.06.2026 15:17
3.7k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......