Gazagystanda gadymy amfibiýanyň - “olma aždarhanyň galyndylary” tapyldy

  • 26.10.2024 06:50
  • 5.4k+

Sankt-Peterburg döwlet uniwersitetiniň paleontologlary Gazagystanda "bişara baka" - "görgüli gurbaga" diýip atlandyrylýan syrly amfibiýanyň galyndylaryny tapdylar. Barlag bu gadymy jandaryň proteid maşgalasyna degişlidigini, olma aždarhalary diýlip atlandyrylan, daşky jabralary bolan adaty salamandrlar maşgalasyna degişlidigini ýüze çykardy.

Amfibiýanyň galyndylary Gazagystanda ilkinji gezek geçen asyrda tapyldy. Emma şonda gadymy salamandryň bitin galan ýeke-täk oňurgasy ýitirilipdi we şondan bäri ýitip ýok bolan amfibiýanyň hiç hili yzlary tapylmady. Diňe indi alymlara täze açyş etmek başartdy.
Barlag rus we gazak alymlaryna proteidleriň gelip çykyşy baradaky çaklamany döretmäge we bişara bakanyň takmynan 85 million ýyl ozal, ýagny dinozawrlar bilen bir döwürde ýaşandygyny çaklamaga mümkinçilik berdi.
Alymlar 3D tehnologiýasyny ulanyp, amfibiýanyň daşky görnüşini dikeltdiler. Haýbatly adyna garamazdan, ol kiçijik bolupdyr, uzynlygy 40 sm-den geçmändir, gaty haýal hereket edipdir we asla mifiki aždarhalara meňzemändir. Şeýle-de bolsa, onuň geçmişdäki abraýy garaňky bolupdyr - Ýewropada bu jandarlar betbagtçylygyň habarçysy hasaplanypdyr, sebäbi suw joşmalary wagtynda olar, köplenç, ýeriň ýüzüne çykýar eken.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....