Tatarystanda okaýan türkmen talyplaryna Magtymgulynyň goşgular ýygyndysy sowgat berildi

  • 25.10.2024 11:21
  • 7.9k+

24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidentiniň saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşdylar diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň hormatyna türkmen talyplaryna Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ýygyndysy sowgat berildi. Bu kitap beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli neşir edildi. Ýygnananlar gymmatly sowgat üçin hoşallyk bildirip, hemişe parahatçylyga, dostluga we ylalaşyga çagyran dana Pyragynyň döredijilik hem filosofik mirasynyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.
Talyplar türkmen ýaşlary barada edilýän aladalar, olaryň sazlaşykly ösmegi babatda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, eziz Watanymyza hem-de mähriban halkymyza peýda getirmek üçin ýokary bilimli hünärmenler bolup ýetişjekdiklerine ynandyrdylar.


23.06.2026 18:58
2.6k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......