Aýyjyk Paddington resmi taýdan Britaniýanyň pasportyny aldy

  • 25.10.2024 09:59
  • 9.1k+

Aýyjyk Paddington resmi taýdan Britaniýanyň pasportynyň eýesi boldy. Çagalar kitaplarynyň meşhur gahrymanyna bu resminama Beýik Britaniýanyň Içeri işler ministrligi (Houm-ofis) tarapyndan berildi.

Bu garaşylmadyk ädim “Paddingtonyň başdangeçirmeleri 3” filminiň prodýuseriniň haýyşyna jogap hökmünde ýerine ýetirildi diýip, The Guardian ýazýar.
Prodýuser Rob Silwa wakalary Peruwda bolup geçýän filmde ulanmak üçin pasport nusgasyny bermek haýyşy bilen edara ýüz tutdy. Houm-ofis bolsa muňa degişme bilen seslenip, Paddington üçin suratly we onuň “aýydygyny” resmi görkezme bilen hakyky pasport berdi.

“Biz Içeri işler ministrligine pasport nusgasyny bermegi haýyş etdik, olar bolsa Paddington üçin resmi şahadatnamany taýýarladylar – bu şeýle ýeke-täk ýagdaý” – diýip, Silwa gürrüň berdi.

Filmiň üçünji bölüminde baş keşplerde Antonio Banderas we Oliwiýa Kolman çykyş etdi. Sýužet meýilnamalaryna garamazdan, býurokratik kynçylyklar sebäpli film Peruwda däl-de, Kolumbiýada surata düşürildi.


düýn 23:53
590

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....

düýn 11:31
1.6k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

26.06.2026 23:58
1.8k+

Illumination studiýasy «Zweropoý» we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy» filmleriniň täze bölümlerini taýýarlaýar

«Illumination» studiýasy «Zweropoý 3» (Sing 3) we «Öý haýwanlarynyň gizlin durmuşy 3» (Тайная жизнь домашних животных 3) animasion filmlerini işläp düzmäge başlady. Bu barada kompaniýanyň ýolbaşçysy Kris......

26.06.2026 21:03
16k+

Londonyň üstünden ägirt aždarha uçup geçdi

HBO kompaniýasy «Aždarhanyň öýi» (House of the Dragon / Дом Дракона) serialynyň üçünji möwsüminiň premýerasynyň öňüsyrasynda Londonyň Tauer galasynyň üstünden mehaniki aždarhany uçurdy....