Bil Geýts emeli aňy ýadro we biologiki howp bilen deňeşdirdi

  • 24.10.2024 00:20
  • 5.8k+

Microsoft-yň esaslandyryjysy Bill Geýts emeli aň (AI) bilen baglanyşykly bolup biljek töwekgelçilikleri ýadro ýaraglary we bioterrorçylyk ýaly ählumumy howplar bilen deňeşdirdi. Milliarder “Daily Mirror” gazetine beren interwýusynda bu mesele baradaky pikirlerini paýlaşdy.

“Biz düýpli ösüş gazandyk. [Ýöne] <…> howanyň üýtgemegi, ýadro ýaraglary, bioterrorçylyk we emeli aň bar”-diýip Geýts emeli aňyň “haýran galdyryjy we birneme eýmendiriji” ösüş depginini häsiýetlendirdi.

Şol bir wagtyň özünde, milliarder emelli aňyň dürli ugurlarda (lukmançylyk, bilim) oňyn netijeleri berip biljekdigini hem belläp geçdi.
Ozal Geýts “The Independent” gazetine beren interwýusynda emeli aňyň öňki tehnologiýa ösüşlerine görä, jemgyýeti üýtgetmek mümkinçiliginiň has uludygyny belläp geçdi. Ol AI tehnologiýalarynyň “çäginiň ýokdugyny” we geljekde bu ugurdaky uly öwrülişigiň jemgyýete global derejesinde täsir edip biljekdigini aýtdy.
Şeýle hem Geýts The Verge bilen geçirilen söhbetdeşlikde emeli aňyň adamzadyň ýok edilmegine sebäp bolup biljekdigi baradaky garaýyşlara şübhe bildirdi.


25.06.2026 10:21
4.4k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......