Serdar Berdimuhamedow XVI BRICS sammitine gatnaşmak üçin Kazana geldi

  • 23.10.2024 21:57
  • 20k+

Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow XVI BRICS sammitine gatnaşmak üçin iki günlük iş sapary bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň paýtagtyna geldi. Mälim bolşy ýaly, 22 — 24-nji oktýabrda Kazanda BRICS-e agza ýurtlaryň Liderleriniň sammiti geçirilýär.

Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow we beýleki resmi adamlar, şeýle-de Türkmenistanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Agşam hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti tarapyndan XVI BRICS sammitine gatnaşýan wekiliýet Baştutanlarynyň hormatyna beriljek agşamlyk naharyna myhman hökmünde gatnaşar. Ertir bolsa «Kazan Ekspo» halkara sergiler merkezinde sammitiň BRICS+ görnüşindäki mejlisi geçiriler.

Ýeri gelende bellesek, BRICS — guramany esaslandyryjy döwletler bolan Braziliýanyň, Russiýanyň, Hindistanyň, Hytaýyň we Günorta Afrika Respublikasynyň atlarynyň baş harplarynyň iňlis elipbiýindäki gysgaltmalary bolup, 2006-njy ýylda döredilen döwletara birleşikdir. 2024-nji ýylyň başynda Müsür, Eýran, Birleşen Arap Emirlikleri, Efiopiýa, Saud Arabystany Patyşalygy (resmi taýdan indi tassyklanylmaly) ýaly ýurtlaryň düzümine girmegi bilen, häzirki wagtda onuň agzalarynyň sany 10-a ýetýär. Guramanyň esasy maksady ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr. Hyzmatdaşlygyň energetika, biotehnologiýalar, syýahatçylyk, oba hojalygy ýaly pudaklary-da öz içine almagy bu ugurlarda taslamalary amala aşyrmak arkaly tehnologiýalar we infrastruktura çözgütleri babatda tejribeleri alyşmaga hem mümkinçilik berýär.

Şu ýyl BRICS-de Russiýa Federasiýasy başlyklyk edip, ol «Adalatly ählumumy ösüş we howpsuzlyk üçin köptaraplaýynlygyň berkidilmegi» şygary astynda geçýär. Nobatdaky Kazan sammitine dünýäniň 30-dan gowrakdan ýurdundan wekiliýetler gatnaşýar. Şolaryň 22-si bolsa döwlet Baştutanlary derejesindedir.


düýn 23:05
747

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
795

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

23.06.2026 19:20
5.6k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......