"Ýolugry" ykjam goşundysy Türkmenistan boýunça syýahaty ýeňilleşdirýär we has täsirli edýär

  • 23.10.2024 15:58
  • 12k+

Türkmenistanda "Ýolugry" atly täze ykjam goşundy işe girizildi. Bu programma şäherara syýahatlary düýpgöter üýtgetmegi maksat edinýär. Indi ulanyjylar ýoldaş tapyp, şäherara syýahatlaryny öňünden aňsatlyk bilen meýilleşdirip bilerler. Programma ýönekeý interfeýsi we mugt hasaba alyş ulgamynyň bardygy bilen tapawutlanýar, bu bolsa ony hemmeler üçin elýeterli edýär.

Her hepde Ýolugry ulanyjylaryna ýörite aksiýa hödürleýär — programma arkaly syýahat sargyt eden adamlaryň ýol çykdajylary kompaniýa tarapyndan tölenýär. Bu mümkinçilik diňe bir rahat syýahat etmäge däl, eýsem, mugt syýahat gazanmaga hem şert döredýär.
Programma Google Play platformasynda elýeterli. Bu bolsa Türkmenistanyň ilatyna we myhmanlaryna öz syýahatlaryny aňsat gurnap, täze ugurlary tapmagyna we gyzykly adamlar bilen tanyşmagyna mümkinçilik berýär.
Ýolugry bilen rahat syýahat ediň we täze mümkinçilikleri açyň!


25.06.2026 23:36
5.5k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......