Serdar Berdimuhamedow OGT-2024 halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylary gutlady

  • 23.10.2024 10:30
  • 6.5k+

Şu gün Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlaýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow halkara forumyna gatnaşyjylary gutlady.

Forum ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, önümçiligi döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullary barada pikir alyşmaga ýardam berýär. Halkara maslahat bilen ugurdaşlykda geçirilýän sergi ony synlamaga gelýänleriň ählisini innowasiýalar, häzirki zaman işläp taýýarlamalary we täze taslamalar bilen içgin tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär diýip, döwlet Baştutany belleýär.

"Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Garaşsyz Türkmenistan öz tebigy baýlyklaryny diňe bir milli bähbitlere däl-de, sebit we dünýä halklarynyň bähbitlerine hem gönükdirmäge çalyşýar. Bu ugurda tagallalary birleşdirmek bolsa öňde goýlan maksatlara ýetmäge möhüm şert döredýär. Biz ýangyç-energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürýäris. Eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Gory boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän «Galkynyş» gaz käni türkmen tebigy gazyny diwersifikasiýa ýoly bilen halkara bazarlara çykarmagyň çig mal çeşmesi bolup hyzmat edýär. Bu gaz käniniň daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna tapgyrlaýyn hem-de maksatlaýyn esasda özleşdirilmegi, bir tarapdan, iri maýa goýum taslamasyna gatnaşmagyň maliýe-ykdysady we hukuk taýdan berk binýatlydygyny, beýleki tarapdan bolsa, goýuljak maýa goýumlary gaýtarmakda tebigy gazyň gorlarynyň ygtybarlydygyny kepillendirýär. Türkmen tarapy bu ugurda özara bähbitli tekliplere seretmäge hemişe taýýardyr" diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.

Häzirki wagtda Türkmenistan deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk etmäge isleg bildirýän taraplaryň ählisine giň mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzyň durnukly ykdysadyýetine bolan ynam daşary ýurt işewürlerinde geljegi uly taslamalara maýa goýumlary gönükdirmek islegini döredýär.
Döwlet Baştutany gutlagynda "şu halkara maslahatyň we serginiň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe we pikir alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýandygyny" nygtaýar.


20.06.2026 11:54
5.2k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......