Täze Zelandiýanyň howa menzili gujaklaşyp hoşlaşyk wagtyny çäklendirdi. Ol 3 minutdan geçmeli däl

  • 23.10.2024 09:44
  • 7k+

Täze Zelandiýadaky Danidin howa menzili täze çäklendirme girizdi. Oňa laýyklykda, ýolagçylara we olary ugradýanlara üç minutdan artyk gujaklaşyp durmak gadagan. Terminalda degişli bildirişler peýda boldy, CNN-iň žurnalistleri bolsa muňa üns berdiler.

Bu bildiriş  sosial ulgamlarda tiz ýaýrady we ulanyjylaryň arasynda dürli jedelleri döretdi, hatda käbirleri bu syýasaty "adamkärçiliksiz" diýip atlandyrdy.
Howa menziliniň administrasiýasy munuň howa menzilinde ýolagçy gatnawyny has gowy dolandyrmaga ýardam etjekdigine ynanýar.
Danedin howa menziliniň baş direktory Daniel De Bono has uzak hoşlaşmak üçin ýolagçylaryň 15 minut mugt durmaga rugsat berlen awtoulag duralgasyndan peýdalanyp biljekdiklerini sözüniň üstüne goşdy.


25.06.2026 23:36
5.7k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......