BMW ýangyn howpy sebäpli 680 müňden gowrak awtoulagyny yzyna çagyrýar

  • 23.10.2024 07:07
  • 6.3k+

Brilliance BMW Automotive Ltd. Kompaniýasy we BMW (China) Automotive Trading Ltd. 2011-nji we 2016-njy ýyllar aralygynda öndürilen 680 000-den gowrak ulagyň yzyna çagyrylýandygyny habar berdi. Yza çagyryş 2025-nji ýylyň 1-nji martyndan başlap amala aşyrylar diýip, 32Cars.ru habar berýär.

Yza çagyryş awtoulaglaryň iki toparyna täsir eder.
Birinji topara Brilliance BMW tarapyndan öndürilen modeller girýär: 3-nji seriýa  (21 945 sany), 5-nji  seriýa (458 486 sany) we X1 (19 108 sany).
Ikinji topar 3-nji, 4-nji, 5-nji seriýalar, X1, X3, X4, X5, X6 we Z4 ýaly, import edilen awtoulaglary öz içine alýar, jemi 146 341 sany.
Yza çagyryşyň sebäbi poslap bilýän elektrik sowadyjy nasos birleşdirijisinde ýüze çykýan mesele bilen baglanyşykly. Bu ýangyn töwekgelçiligini döredip, gysga utgaşmanyň döremegine sebäp bolup biler.
Kemçiligi düzetmek üçin kompaniýa ähli ulaglary mugt gözden geçirer, zeper ýeten birikdirijileri çalşar we geljekki poslamagyň öňüni almak üçin gorag örtüklerini gurar.


28.05.2026 12:32
3.4k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

17.05.2026 15:25
7.4k+

Ýyrtyjynyň keşbinde kaşaň ulag: 5,2 metrlik Vision BMW Alpina görkezildi

2026-njy ýylda BMW Group-yň düzümine giren Alpina kompaniýasy ösüşiň täze tapgyrynda brendiň ilkinji awtoulagy bolan Vision BMW Alpina konseptini tanyşdyrdy....

15.05.2026 17:45
4.1k+

BMW-niň baş direktory Oliwer Sipse wezipeden gitdi

Germaniýanyň BMW awtokonserniniň baş direktory Oliwer Sipse wezipesinden gitdi. Ol bu wezipäni 2019-njy ýyldan bäri eýeläp gelýärdi. Bu barada awtoöndürijiniň metbugat relizinde habar berilýär....