Türkmenistanda Lu Ban ussahanasyny döretmek hakynda Ähtnama gol çekildi

  • 22.10.2024 11:33
  • 6.3k+

16-20-nji oktýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory B.Atamanow Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Geçirilen duşuşyklaryň dowamynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň düzüminde ýerleşýän Türkmen-hytaý energetika okuw merkezini açmak we bilim pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
18-nji oktýabrda Lu Ban ussahanasyny döretmek hakynda «Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Sian nebit uniwersitetiniň, Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň, Hytaýyň Milli nebit-gaz korporasiýasynyň we Hytaýyň bilim ulgamynda halkara alyş-çalyş assosiasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama» gol çekildi.
Saparyň çäginde Türkmenistanyň wekiliýeti Sian uniwersitetinde okaýan talyplar bilen duşuşdy.
"Lu Ban ussahanasy" bu HHR-iň Bilim ministrliginiň goldamagynda Týansýanbilim edarasynyň howandarlygynda 2016-njy ýyldan bäri durmuşa geçirilýän orofessional bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk taslamasydyr. Bu hili "ussahanalarda" önümçiligi awtomatlaşdyrmak, energetika, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk, IT-tehnologiýalar we hatda däp bolan hytaý lukmançylygy boýunça geljekki hünärmenler taýýarlanylýar.
"Lu Ban ussahanasy" ýöriteleşdirilen okuw merkezleriniň torlary Aziýanyň, Ýewropanyň we Afrikanyň ýigrimiden gowrak ýurdunda hereket edýär. Onuň ady 2500 ýyl ozal ýaşap geçen meşhur hytaý oýlap tapyjysy Lu Banyň hormatyna dakylypdyr.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......