Agroinnowasiýalar boýunça talyplaryň arasynda halkara bäsleşigiň jemleri jemlendi

  • 20.10.2024 21:00
  • 2.5k+

16-17-nji oktýabrda Türkmen oba hojalyk institutynda ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly“Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly ylmy-taslamalar bäsleşigi geçirildi.

Institutyň metbugat gullugynyň habar bermegine görä, halkara derejesinde geçirilen bu bäsleşige daşary ýurt döwletleriniň 26 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 50 sany, ýurdumyzyň 16 sany ýokary okuw mekdeplerinden 100-den gowrak ylmy-taslama işleri hödürlendi.
Bäsleşigiň netijeleri üç ugur boýunça jemlendi.

  • Oba hojalyk taslamalary ugry boýunça I orna daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 5 sany talyby, II orna 13 sany talyp, III orna 16 sany talyp mynasyp boldular. Bu ugur boýunça Twer döwlet oba hojalyk akademiýasynyň talyby Sokolow Stepan Anatolýewiç, Belorus döwlet agrar tehniki uniwersitetiniň talyby Sawelýewa Sabrina Wladimirowna, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Berdiýewa Bahar Bagtyýarowna, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Atahanow Bagtyýar Ýazgeldiýewiç, Çuwaş döwlet agrar uniwersitetiniň talyby Gromow Nikita Mihaýlowiç I orna mynasyp boldular.
  • Işewürlik taslamalary ugry boýunça Başgyrt döwlet agrar uniwersitetiniň talyby Abzalilowa Ýelena Ýewgenýewnanyň, Ural döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň talyby Džalilow Bagi Wahid oglunyň çykyşlary I orna mynasyp boldy.
  • IT taslamalary ugry boýunça Ýaponiýanyň Tokai uniwersitetiniň talyby Ataýew Aşyrgeldi Merdanowiç, Samarkant döwlet weterinar lukmançylygy, maldarçylyk we biotehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Hematullaýew Ozodbek Utkurowiç I orna mynasyp boldular.

Halkara ylmy-taslamalar bäsleşiginiň netijeleri barada giňişleýin maglumaty institutyň saýtynda şu salgydan görüp bilersiňiz.


şu gün 10:02
645

TOHU halkara ylmy-amaly elektron žurnaly neşir eder

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti «Türkmenistanda agroinnowasiýa» atly ylmy-amaly elektron žurnalyny neşir edip başlar. Degişli teklibi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow......

26.06.2026 20:41
1.9k+

Türkmenistanyň bilim ministri Yrak Respublikasynyň wekili bilen hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň Bilim ministrliginde Jumamyrat Gurbangeldiýewiň Yrak Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Jassim Mohammed Al-Attar bilen duşuşygy......

25.06.2026 19:18
4k+

Türkmen uniwersiteti bilen Finlýandiýa özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Finlýandiýanyň HAUS Döwlet Dolandyryş Instituty hem-de Laurea Amaly Ylymlar Uniwersiteti Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi. Dabara göni......

23.06.2026 18:58
3.1k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....